Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna toý sapary
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna toý sapary
Çap edildi 17.06.2022
2140

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly düýpli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmeti, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy, oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň möçberlerini artdyrmak üpjün edilýär hem-de ekerançylaryň öz işlerine gyzyklanmalary ýokarlanýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mary şäherine tarap ugrady.

Welaýat merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanyldy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçileriniň bugdaý tabşyrmak boýunça Watan öňündäki ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ekerançylary zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň galla hasylyny ýygnamak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra welaýatyň döredijilik toparlary hem-de bagtyýar çagalar Arkadagly Serdarymyzyň gadymy Mary topragyna gelmegi mynasybetli baýramçylyk çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan şadyýan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ussat kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy.

Arkadagly Serdarymyz hoştap şemala tolkun atýan bugdaý meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady.

Şu ýyl Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi netijesinde, şu gezekki galla oragy möwsüminde “John Deere” we “Сlaas” kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu ýokary öndürijilikli kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen görşüp, onuň gündelik işleri, ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, şeýle hem maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol 15 ýylyň dowamynda kärendeçilik bilen meşgullanýar. Bugdaý ekilen 55 gektar kärende ýerinde onuň ähli maşgala agzalary zähmet çekýär hem-de şu ýyl her gektardan 40 — 45 sentner hasyla garaşýarlar. Şeýle hem olar gowaça, ýeralma we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar, her ýyl dürli ekinleriň bol hasylyny ýetişdirip döwlete tabşyrýarlar, bu bolsa maşgala abadançylygynyň berk binýadyny emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň dowamynda ekerançydan zähmet şertleri, aýratyn-da, ekin meýdanlary, suw serişdeleri, ýokary hilli tohum hem-de dökün bilen üpjünçilik meseleleri, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daýhana asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däplerini dowam etmegi, ýaş nesilleri halal zähmetiň ruhunda terbiýelemegi we topraga yhlas edip, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy maslahat berdi. Bularyň ählisi örän möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Kärendeçi häzirki döwürde oba zähmetkeşleriniň netijeli işi ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigini guwanç bilen aýtdy. A.Ärnyýazow päk zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra kärendeçi hormatly Prezidentimizden galla oragyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýdan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi hem-de daýhana bol hasyl almagy arzuw etdi.

Hemmeler Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerdiler. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şol pursatda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar bugdaý hasylyny ýygnamaga girişdiler. Ýokary öndürijilikli kombaýnlar bu işi sähel salymyň içinde ýokary hilli ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaý hasylyndan boşan meýdanlary synlap, häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň diňe bir ýokary öndürijilikli bolman, hasyly ýitgisiz ýygnaýandygyny hem aýtdy. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan üstünlikli geçen kombaýnlaryň birnäçe artykmaçlyklara eýedigini köpýyllyk tejribe görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň yhlasly zähmetine minnetdarlyk hökmünde oňa sowgat gowşurdy. Daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy. Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy. Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi. Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Arkadagly Serdarymyz türkmen alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyryp döreden tohumlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miwesidigini bellemek bilen, bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleýän ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugra häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda suw-ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ylmy işläp taýýarlamalaryň her bir sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini belläp, welaýatlaryň, etraplaryň oba hojalyk hünärmenleriniň oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmaklaryny ýola goýmagy tabşyrdy hem-de ekerançylygy ösdürmek meseleleriniň olaryň umumy üns merkezinde saklanylmalydygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy, onda gowaçanyňdyr bugdaýyň tohumlarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem täze hasyldan taýýarlanylan çörek we çörek önümleri görkezildi. Bu sergi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilendiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Arkadagly Serdarymyza tamdyrda ýaňy bişirilen çörek hödür edildi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

...Biraz wagtdan soň döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän welaýatyň baş metjidiniň — Gurbanguly hajy metjidiniň öňündäki meýdança geldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, ýaşulular bilen Gadymy Merwiň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Mary şäheriniň binagärlik toplumynyň hakyky bezegine öwrülen metjidiň içine girdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen bu metjit milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de häzirki zaman binagärlik çözgütlerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Mary welaýatynda durmuş maksatly binalaryň gurulmagy, halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi, olaryň gurluşygynda iň gowy dünýä tejribesiniň peýdalanylmagy döwletimizde raýatlaryň abadançylygy barada hemişe alada edilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagy, beýik tutumlarynyň rowaç almagy barada dileg edip, doga okady.

Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezidentimiz ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mukaddes teperrik Arkadagly Serdarymyza Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny amala aşyran mahalynda yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan mukaddes Käbeden çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Ýygnananlar teperrigi ýüzüne syldylar hem-de Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini dileg etdiler.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululara doga-dilegleri hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we awtoulagda “Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlup, onuň bilen bir bitewi binagärlik toplumyny emele getiren, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu binanyň düýbi tutuldy.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze binanyň öňündäki meýdança geçýär, bu ýerde welaýatyň birleşen döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy.

Arkadagly Serdarymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesdi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sadakasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz tagam çekilmezden ozal ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her gününiň uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýändigini aýtdy. Arkadagly Serdarymyz Mary welaýatyna guran toý saparynyň çäklerinde zähmetsöýer daýhanlaryň armasyny ýetirendigini belläp, welaýatyň Tagtabazar etrabynyň gaýratly gallaçylarynyň öz borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý edip, olaryň ajaýyp zähmet üstünligini gazanandygyny aýtdy we bu ýetilen belent sepgit bilen edermen daýhanlary tüýs ýürekden gutlady.

Şonuň bilen birlikde, şu gün “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen täze bina ulanmaga berildi. Bu binada, ýakynda haj zyýaratynyň berjaý edilmegi mynasybetli toý sadakasy berilýär.

Arkadagly hajy Serdarymyz ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý edendigini, şonda mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegleriň edilendigini aýtdy.

Hudaýyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, milletimize nur bolup ýagmagy dileg edilip, dost-doganlykdan nyşan hökmünde mukaddes teperrigiň berlendigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu wakanyň mähriban halkymyza, ýurdumyza goýlan çuňňur hormatyň nyşanydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly hajynyň adyny göterýän metjide baryp, keramatly Käbeden berlen teperrigiň şol ýerde goýlandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky metjitlerinde hem goýuljakdygyny, ildeşlerimiziň bu mukaddesligi ýüzlerine sylyp, doga-dilegler etmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny belledi.

Soňra şanly waka mynasybetli bu ýerde toý sadakasy berildi. Döwlet Baştutanymyz tebärek çykyp bermek barada Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Soňra toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Toý sadakasyna gatnaşýanlara türkmen halkynyň milli tagamlary hödürlendi. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän asylly çärelere bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýan bu dabara asylly ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini görkezdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli çäreleriň döwrebap derejede guralmagyna toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Halk saz gurallarynyň owazlary hem-de bagşylaryň çykyşlary çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg etdi.

Toý sadakasy tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny alamatlandyrýan beýik üstünlikler hem-de şanly wakalar bilen ýene bir gezek gutlap, dabara gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza hoşniýetli arzuwlar bilen ýüzlendi:

— Goý, Beýik Biribar berlen toý sadakasyny hem-de okalan dogalary kabul etsin!

— Goý, sahawatly türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk berkarar bolsun!

Soňra Arkadagly Serdarymyz täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Häkim Arkadagly Serdarymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, mähriban halkymyzyň zähmet şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy hem-de durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we olara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

* * *

Şu gün şeýle hem bu ýerde — hormatly Prezidentimiziň umra hajyny berjaý etmek üçin mukaddes Käbä zyýaraty amala aşyran mahalynda gowşurylan teperrik goýlan Gurbanguly hajy metjidinde juma namazy okaldy. Metjidiň ýanyndaky ýörite binada toý sadakasy berildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Beýik Biribardan sadakanyň kabul bolmagyny, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza geljekde hem abadançylyk, halkymyza bagtly durmuş eçilmegini dileg etdiler.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow