Şu gün eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy.
Halkymyzyň ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlydygyny beýan edýän bu ajaýyp baýramçylykda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri aýratyn orny eýeläp, türkmen halkynyň atlara sarpaly hem-de mähir-alada bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ýyndam bedewler taryhyň, häzirki zamanyň we berkarar Watanymyzyň geljeginiň nyşanydyr. Bu üç arabaglanyşykda öz mirasyny goramagy hem-de sarpalamagy, şu gününi gurmagy we geljege tarap ýol çekmegi başarýan halkymyzyň beýik ykbaly jemlenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda behişdi bedewlerimiziň deňsiz-taýsyz şöhraty olaryň gözelligine we kaddy-kamatyna laýyk täze öwüşginlere beslendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda golaýda geçirilen ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bedewlere bagyşlanan dabaralaryň hatarynda ajaýyp waka öwrüldi. Onda bu tohum atlaryň iň oňat wekilleri görkezilip, şolaryň arasynda, ýokary derejeli eminleriň netijelerine görä, bu toplumyň bedewi Melebaş “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýlip ykrar edildi. Şeýle hem behişdi bedewlere eserlerini bagyşlan döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Güýçli, buýsançly, erk-ygtyýarly, juwan, ýyndam görnüşdäki bedewleriň köp sanly keşpleriniň çeper beýanynda çuňňur we köptaraply many bar. Munuň özi nesil dowamatydyr, geçmişiň, şu günüň, geljegiň arabaglanyşygydyr, däpleriň hem-de täzeçil özgertmeleriň, tejribäniň we batyrgaý arzuwlaryň sazlaşygydyr. Ahalteke atçylygynda iň oňat ugurlaryň, olaryň nesilleriniň ajaýyp tohumlarynyň wekilleriniň baý şejeresiniň dowamydyr. Umuman, at hemişe sungatda-da, döwlet nyşanlarynda-da wepadarlygy, batyrlygy, ýyndamlygy, güýji we çydamlylygy alamatlandyrdy, bu bolsa paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda dikilen heýkel eserlerinde-de beýanyny tapdy.
Şu gün Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dabaralaryň jemlenýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde özünde halkymyzyň agzybirlik ruhy bilen giň gerimliligi we belentligi, ýokary döwlet derejesini utgaşdyrýan uly baýramçylygyň täsirli ýagdaýy kalplary heýjana salýar. Onda milli däplerimiziň gözelligi, özboluşly öwüşgini bereketli türkmen toýuna mahsus beýanyny tapýar.
Hemmeler Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly şowhun bilen garşylaýarlar. Şu günler ýurdumyza ýörite gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem bu baýramçylykda hormatly myhman boldy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hemmeleri ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, toplumyň ýodasyny ýöräp geçip, ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyrylan sergileri, aýdym-sazly we sport çykyşlaryny, halkymyzyň durmuşyndan sahnalaşdyrylan çykyşlary synlaýarlar.
Bu ýerde ak öýler dikilip, olar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny hem-de paýtagtymyzy bir saçagyň başyna jemlän görnüşde gadymy türkmen obasyna mahsus durmuş ýagdaýlaryny döredipdir. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar janlanýar, zenanlar haly dokaýarlar, el işleri bilen meşgullanýarlar, keçe basýarlar, bagşylar milli saz gurallarynyň owazy astynda aýdym aýdýarlar.
Ýodanyň ugrunda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň esasy gahrymanlary deňsiz-taýsyz ahalteke atlarydyr. Bu görnüşler halkymyzyň çeper hünärmentçilik we senetçilik önümlerini: bezeg şaý-seplerini, el işleriniň, haly, dokma, ýüpek, keçe, deri we agaç önümlerini, milli saz gurallaryny, köpöwüşginli sowgatlyklary özünde jemledi.
Ýurdumyzda halkymyzyň umumy mirasynyň bölegi hökmünde gadymy hünärmentçilik aýawly saklanylýar, olar özboluşly medeni-ahlak häsiýeti özünde jemleýär. Dogrudan-da, bu gün ýaşaýyş-durmuş ýa-da zähmet çekmek üçin gadymy ýönekeý önümlere zerurlyk ýok, ýöne hünärmentçiligiň özi döredijilik bilen meşgullanmagyň görnüşi hökmünde ýaşamagyny dowam edýär. Şoňa görä-de, elde ýasalýan harytlary öndürýän ussalar halk içinde giňden tanalýar, olaryň seýrek hünärleriniň syrlaryny öwrenip, bu işi dowam edýän şägirtleri bar.
Bu ýerde türkmenleriň däp bolan egin-eşikleri we başgaplary, hojalykda ulanýan enjamlarynyň, zähmet gurallarynyň nusgalary hem-de beýlekiler görkezilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň milli mirasynyň köpdürlüligini beýan etmäge, onuň kalbynyň baýlygyny we zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Şol gymmatlyklaryň hatarynda atlaryň bezeg şaý-sepleriniň nusgalary bar. Olary taýýarlamaga ussalar uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, her bir ownuk zady hem göz öňünde tutýarlar.
Açyk asmanyň astyndaky bu özboluşly sergide ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri aýratyn orny eýeledi. Ajaýyp atlar haly eserlerinde, özboluşly heýkel kompozisiýalarynda, haşamlama we fotosurat işlerinde şekillendirildi, bedewleriň toý görnüşde bezelmegi üçin ýasalan owadan zergärçilik toplumlary bolsa türkmenleriň bedewlere söýgüsiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sport oýunlarynyň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Şunda sportuň milli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman bilen bilelikde milli göreşiň aýratynlyklaryny, pälwanlaryň täsirli göreşini synladylar. Bu görnüşler şu günki baýramçylyk mynasybetli dabaralara özboluşly öwüşgin çaýýar. Göreşde ýeňiş gazanan pälwanlara, elbetde, ýörite baýraklar, toý paýlary berilýär. Gadymy türkmen däbine görä, ýeňiş gazanan pälwana ogşuk gowşuryldy. Munuň özi taryhyň dowamynda emele gelen ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary hem-de tans toparlary dabara gatnaşyjylary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar. Dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň kuboklarynyň we baýraklaryň eýesi bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy myhmanlary begendirdi.
Toparyň agzalary akrobatika we gimnastika tilsimlerini, bedewe erk etmek, çapyp barýan atyň üstünde dürli hereketleri ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylary ýene-de bir gezek haýran galdyrdylar. Ýöne olaryň çykyşlarynda esasy zat tilsimleriň çylşyrymlylygynda ýa-da çapyksuwarlaryň gaýratlylygynda däl-de, adamlaryň we atlaryň bir bitewi topar bolmagynda jemlenýär. Olaryň hemmesi bilelikde manežde umumy bitewülik hökmünde görünýärler, şonsuz özüne çekiji şüweleňi döretmek başartmazdy. Sebäbi tomaşaçylary haýrana goýan örän täsirli, emma töwekgelçilikli maşklardyr tilsimler birek-birege doly ynanmagy, dostuňa bil baglamagyň zerurlygyny talap edýär.
Şunuň ýaly atçylyk sport oýunlary tomaşaçylaryň arasynda hemişe aýratyn şowhun döredip, olaryň ýüreklerinde bedewlere mähir hem-de çapyksuwar oglanlaryň we gyzlaryň merdana hereketlerinden haýran galdyryjy täsirler galýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň gadymy milli gymmatlyklaryny, şol sanda ahalteke bedewlerini nesilden-nesle geçirmäge gönükdirilen syýasaty bedewleriň, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlaryň şöhratyny täzeden dikeltmegi ugur edinýär. Bu şöhrat halkara ýaryşlarda, sirk festiwallarynda atly türkmen türgenleriniň ajaýyp ýeňişleri bilen hemişe artdyrylýar.
Häzirki wagtda at, ilkinji nobatda, zähmetiň netijesidir. Onuň hemmeleri gözelligi, syrdamlygy, ýyndamlygy bilen haýran etmezinden ozal, oňa, ilki bilen, köp güýji hem-de yhlasly zähmeti, bilimleri, zehini we söýgini siňdirmelidir. Türkmen halky netijeli zähmet çekmegi başarýar. Ahalteke tohum atlary munuň aýdyň subutnamasy bolup biler. Halkymyz öz üstünliklerini we gazananlaryny joşgunly bellemegi hem başarýar. Halkymyzyň söýgüli bedewiniň hormatyna ýurdumyzda at çapyşyklary giň gerimde guralýar. At çapyşyklary türkmen halkynyň iň gyzgalaňly baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilleriň dowamaty hökmünde häzirki döwürde-de dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürlerdäkiden düýbünden başga şertlerde bolup geçýär.
Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen ajaýyp atçylyk sport toplumlary ýyndam bedewleriň aýlawlardaky ýaryşlaryny iň ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär, sport ugrundan başga-da, ol hemişe mazmun taýdan has uly waka bolup, milli medeniýetimiziň özboluşly öwüşginleri arkaly täsirli şüweleňe öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de tatarystanly myhman atçylyk toplumynyň binasyna girip, özleri üçin niýetlenen ýere geçýärler.
Döwlet Baştutanymyz nusaý atlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryna hakyky sarpa goýup, olaryň janköýeri hem-de wagyzçysy, ajaýyp çapyksuwar bolmak bilen, özüniň işjeň gatnaşmagynda we hemmetaraplaýyn goldamagy esasynda milli atçylyk sport ulgamynyň ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde belleýşi ýaly, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr.
Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda zerur işleri geçireris. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Alyp baryjy möwsümiň iň abraýly ýaryşy bolan baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Ýurdumyzyň atşynaslary ahalteke bedewi ýaly halk seçgiçileriniň we seýisleriniň iň ýokary sungat eserini döredip, arassa ganlylygyny saklamak bilen, olaryň häsiýetlerini terbiýelemegi dowam edýärler. Atçylyk pudagynyň hünärmenleri häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmegi, ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini has işjeň ösdürmegi, bu ulgamda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärler. Şu işde baş maksat atşynaslyk däpleriniň dowamatyny aýawly gorap saklamakdan ybaratdyr. Bu şöhratly ýörelge asyrlar aşyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýär, şoňa görä-de, häzirki sanly tehnologiýalar eýýamynda ýaşlaryň halkymyzyň taryhy ykbalyny kesgitlän bu gymmatlyga aýawly garamagy möhümdir.
Türkmenistanda gadymy däplere eýe bolan at çapyşyklary bolsa häzirki wagtda-da, ozalkylar ýaly, uly meşhurlyga eýedir. Aýlawyň köp sanly tomaşaçylarynyň ünsüniň, tele we foto kameralaryň onlarçasynyň gönügen ýaryşlary iki sagatdan gowrak dowam etdi. Şol ýaryşlar türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly beýany boldy.
At çapyşyklary çapyksuwarlar üçin hem synagdyr. Atçylyk sporty adamdan merdanalygy, başarjaňlygy, yhlasy, atlara bolan mähri, olar bilen düşünişmegi talap edýär.
Badalga berilýän jaň sesi ýaňlananda, inçe aýakly ýyndam bedewler ýyldyz kimin süýnüp, tizliklerini artdyrmak bilen, tomaşaçylaryň şowhunyny al-asmana göterdi. Dürli aralyklara çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Şolara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, özleriniň iň oňat sport häsiýetlerini görkezdiler.
Ilkinji çapyşykda bedewler 1200 metr aralyga maliýe we ykdysadyýet toplumynyň “Polatly” diýen baýragy ugrunda ýaryşdylar. Ilkinji bolup 1 minut 18,4 sekunt netije görkezip, pellehana Dagbedew diýen dor at geldi. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.
Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Nebitgaz toplumynyň “Meleguş” atly baýragyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşan bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Artyk diýen dor at ýeňiji bolmagy başardy. Ol özüniň çapyksuwary M.Mämmedow bilen bellenen aralygy 1 minut 18,9 sekuntda geçdi.
Söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragy ugrunda 1200 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Arka diýen gurt mele at geldi. Üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradowyň çapan bedewi 1 minut 20,5 sekunt wagt görkezdi.
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Ýanardag” baýragyny almak ugrundaky çapyşyk 1400 metr aralyga geçirildi. Şunda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Bäherden” atçylyk hojalygynyň Ýagmyr diýen dor aty gelmegi başardy. Çapyksuwar J.Hydyrowyň erk eden aty 1 minut 31,8 sekunt wagt bilen geldi.
Gurluşyk we senagat toplumynyň “Pereň” baýragyna eýe bolmak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşykda bedewler 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şonda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Gadam diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň netijesi 1 minut 34 sekunda deň boldy. Gadamyň çapyksuwary O.Berdiýew.
Altynjy çapyşyk oba hojalyk toplumynyň “Garader” diýen baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryşda Dordepel diýen dor at birinji orna mynasyp boldy. Ikinji derejeli çapyksuwar Y.Saparowyň çapan aty bellenen aralygy 1 minut 29 sekuntda geçdi.
Jemleýji ýedinji çapyşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Akhan” diýen baş baýragyna hem-de göçme kubogyna eýe bolmak ugrunda dartgynly ýagdaýda geçdi. 1600 metr aralyga geçirilen bu ýaryşda pellehanadan ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bezirgen diýen bedew geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň erk eden aty 1 minut 44,4 sekunt wagt görkezdi.
Çapyşyklaryň arasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Tomaşaçylar şöhratly geçmişimizi hem-de häzirki döwrüň ägirt uly özgertmelerini aýdymdyr sazlarynda wasp eden bagşylaryň we sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan lezzet aldylar.
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şolaryň hatarynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda işewürleri mübärekläp, parahatçylygyň, dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň ýurdy bolan Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyklara we beýleki çärelere hemişe gatnaşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň amala aşyrýan, iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Myhmanlar duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy ahalteke atlarynyň deňsiz-taýsyz gözelliginiň we ajaýyplygynyň şanyna geçirilýän baýramçylyk bilen mähirli gutladylar hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasynyň bilelikde ýakyndan işlemegi dowam etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bildirýän hemişelik talaplaryna ünsi çekdi. Şolaryň esasylary gurlanda täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň ulanylmagy zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.
“Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý bilen söhbetdeşligiň çäklerinde ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan ugurdaş taslamalar we maksatnamalar bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna, şol sanda seýsmologiýada öz ähli tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ahyrynda işewürler işlerinde berilýän ägirt uly goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýolbaşçylyk edýän iri kompaniýalarynyň jogapkärli tabşyryklary ýokary hili we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şu günki dabaralaryň çäklerinde baýramçylyk çapyşyklarynyň, şu hepde geçirilen uzak aralyga atly ýörişiň hem-de konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Uzak aralyga guralan atly ýörişiň ýeňijisi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşhur diýen bedew boldy. Ol çapyksuwary O.Annaýew bilen iň oňat wagty — 2 sagat 41 minut 58 sekunt görkezdi. Barha uly meşhurlyga eýe bolýan atly sportuň konkur görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli bolan Toýçy diýen at birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary N.Beglarýan.
Soňra şu günki çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýokarda agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we diplom berildi. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegine itergi bermegiň, ýyndam atlary terbiýelemegiň hem-de ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň ýene-de bir çäresidir. Onuň şeýle bolmagyna milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde döwlet Baştutanymyz uly üns berýär.
Çapyksuwarlar milli atşynaslygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegi baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watanymyzyň şöhratly atçylyk däplerini gorap saklamak, ahalteke tohum atlaryny mundan beýläk-de wagyz etmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Asyrlaryň dowamynda türkmenler gaýduwsyz esgerler hem-de ajaýyp çapyksuwarlar bolupdyrlar. Häzir halkymyz öz täze taryhyny döredýär, parahat Zeminde bagtyýar ykbalyny gurýar. Ahalteke bedewleri, hemişe bolşy ýaly, halkymyzyň durmuşynda uly orny eýeleýär. Olaryň wezipesi indi sagdyn, mizemez ruhuň mundan beýläk-de üpjün edilmeginden, kämillige ymtylmakdan, belent maksatlaryň berkarar bolmagyndan, ata Watanymyza buýsanç duýgusynyň berkidilmeginden ybaratdyr.
Baýramçylyk at çapyşyklary tamamlandy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dowam etdi. Tomaşaçylar pikirlerini we özlerinde galan täsirlerini paýlaşdylar.
* * *
Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler eziz Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda-da geçirildi. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak çäreleri girizildi.
Şu günki dabaralar bilen hem, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli atşynaslyk mekdebini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler bilen hem Türkmenistan bütin dünýä ajaýyp ahalteke bedewlerini bagyş eden we bu gün dünýä medeniýetiniň bu gymmatlygyny geljek nesiller üçin gorap saklap, iri halkara atçylyk merkezi hökmünde özüni ynamly tanadýar.