Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 23.04.2022
1780

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Şanly waka — biziň ýurtlarymyzyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

2002-nji ýylyň Şertnamasy Russiýanyň we Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürdäki tapgyrynyň başyny başlady. Bu möhüm resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan has-da ösdürmek hem-de köp ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin şertleri döretdi.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly Russiýa — Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi, gürrüňsiz, biziň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine, Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň maksadyna kybap gelýär.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar taryhy we siwilizasion baglanyşygy bilen tapawutlanýar. Biz hyzmatdaşlygymyzy köp ugurlar boýunça, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we köptaraplaýyn forumlaryň çäklerinde üstünlikli ösdürýäris. Munuň özi uly ähmiýete eýedir.

Siziň ýurduňyza ýaňy-ýakynda amala aşyran saparymy iň ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol saparyň dowamynda biz halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ram Nath Kowind,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn. Şeýle hem Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli ýene-de bir gezek gutlamak isleýärin. Ýakynda Siziň Alyhezretiňiz bilen telefon arkaly söhbetdeşligimiz boldy. Şonuň dowamynda biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada bir pikire geldik.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan pursadyndan başlap, ýokary derejedäki syýasy dialog esasynda ýurtlarymyz netijeli özara gatnaşyklary ýola goýdular. Men ilkinji gezek Türkmenistana 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň daşary işler ministri hökmünde baryp gördüm hem-de maňa bildirilen myhmansöýerligi we hoşniýetliligi mähir bilen ýatlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet ýaly dürli ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň agzasy jenap Endo Toşiakiniň ýapon tarapyna başlyklyk edýän Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işi parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri möçberli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde bolsa ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.

“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy arkaly Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýärin.

Size berk jan saglyk we giň möçberli işleriňizde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Fumio Kisida,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
05.05
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni
05.05
Gahryman Arkadagymyz Fransiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy
05.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy
04.05
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow