Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we tekstil önümlerini satyn aldylar
Ykdysadyýet
Daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri awtobenzini, suwuklandyrylan gazy we tekstil önümlerini satyn aldylar
Çap edildi 11.04.2022
3609

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriňjemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 304 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen plýonkasynyň granulýatyny we aglomeratyny, gyzdyrylan nebit koksuny, «Türkmenaglomerat» kondisiýasyz polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 45 million 547 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow