Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 31.03.2022
2281

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere we milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. G.Mämmedowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada maglumat berdi.

Şu ýylyň 28-29-njy martynda ýurdumyzyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde gulluk iş saparynda bolup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly mejlise hem-de bu şanly waka gabatlanyp guralan dürli çärelere we duşuşyklara gatnaşdy.

Dabaraly mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Assambleýanyň şu geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan çykyşlar boldy. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Assambleýanyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi.

Almaty şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostluk we hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmakda we bu babatda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmekde hem-de onuň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmekde parlamentarileriň goşandynyň ähmiýetlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň demokratik, hukuk döwleti hökmünde ösüş ýolunda toplan taryhy tejribesi we häzirki döwürde ýeten derejesi bilen tanyşdyrýan parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýat häkimlikleri boýunça döwlet eýeçiligindäki desgalary bäsleşikli söwda hem-de gazna biržasy arkaly hususylaşdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek boýunça syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak hem-de hususylaşdyrmak üçin kärhanalar we desgalar boýunça seljermeleriň geçirilendigi habar berildi. Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda, birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär. Bu tekliplere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlislerinde bellenen tertipde seredildi hem-de birnäçe desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak, döwlet edarasyna degişli paýnamany bolsa gazna biržasynyň üsti bilen ýerlemegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak we desgalary hususylaşdyrmak meseleleriniň milli ykdysadyýetimiziň öňünde durýan esasy wezipelerdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklibi makullap, bu ugurda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygy aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýyň hem-de degişli kanunçylyk binýadynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň artýandygynyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Çykyşlar Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini we gazhimiýa önümlerini halkara bazarlara çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy ýaly meselelere bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, pudagyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy serişdeleri özleşdirmekde Türkmenistanyň olary rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramak barada alada etmek, sebit hem-de ählumumy derejede energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda görelde görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkidýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny işjeň çekmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýer serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak boýunça geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin jemi 10 müň 545,22 gektar ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belledi hem-de oba hojalygyna goldaw bermegiň ugurlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Umuman, bu işler azyk howpsuzlygynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyny, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegini üpjün etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalygyndaky özgertmeleri işjeňleşdirmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda dowam etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň çäginde gurluşyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ilaty, aýratyn-da, ýurdumyzyň alysdaky sebitlerinde ýaşaýan adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen, orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberini artdyrmak, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi. Bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 12-13-nji aprelde serginiň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şol sergide TSTB-niň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer.

Sergi bilen ugurdaşlykda geçiriljek maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birleşmäniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň işewürliginiň ykdysady kuwwatynyň onuň önümçilik serişdelerini artdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna berkidilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwlete dahylsyz ulgamyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz telekeçilerimiziň gazanýan üstünliklerine, türkmen işewürliginiň maýa goýum kuwwatyna dünýäniň işewür toparlarynyň ünsüni çekmegiň wajypdygyny belledi. Nobatdaky gözden geçiriliş gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärä öwrülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçileriň işini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilen ýagdaýynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmekde we onuň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde oňaýly şertleriň dörediljekdigini aýdyp, çäreleriň meýilnamasyny makullady hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinidir maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa aprel aýynda milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp geçiriljek medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berdi.

2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, şol sanda onlaýn çäreler hem-de degişli wagyz-nesihat duşuşyklary geçiriler.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe sport we medeni çärelere giň gerim berler.

Ýurdumyzyň folklor toparlarynyň arasynda “Berkarar Watanyň folklor sungaty” atly bäsleşigi geçirmek meýilleşdirildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar. Medeni çäreler birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryna hem gabatlanylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralarda we halkara çärelerde milli sungatymyzyň köpöwüşginliliginiň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öz beýanyny tapmalydygyny, olaryň giňden wagyz edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz toý-dabaralaryň Diýarymyzyň ösüşiniň esasy ugurlaryny açyp görkezmelidigine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, milli mirasymyzyň we halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň möhüm bölegi bolan özboluşly köpasyrlyk däp-dessurlaryň many-mazmunynyň beýan edilmegine gönükdirilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda milli dessurlarymyza laýyklykda halkymyzy täze ýeňişlere, beýik üstünliklere ruhlandyrýan köpçülikleýin çäreleriň yzygiderli ýokary guramaçylyk derejesinde guralmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýylyň 7-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

“Welosiped” binasyndan badalga aljak köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçjek ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guralar.

Şu sene mynasybetli Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guramak hem-de “Saglygym — baş baýlygym” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini, ýaryşlarydyr görkezme çykyşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek hem-de sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda saglygy pugtalandyrmaga we ruhubelentlige ýardam edýän welosiped sportuny giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady.

Welosiped sporty ekologiýa taýdan arassa we gyzykly bolmak bilen, tutuş dünýäde, aýratyn hem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz adam hakyndaky aladany ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giň meşhurlyga eýe bolandygyny belläp, bu ugurda mundan beýläk-de giň gerimli işleri geçirip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 24-nji martynda çykaran Permanyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bu resminamada bellenilen ähli işleri anyk we öz möhletinde ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümler tarapyndan zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň bu ugra ygrarlydygyny belledi. Harby düzümleriň ähli meýilnamalary bellenilen wagtynda ýerine ýetirişine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagynyň zerurdygyna üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak meseleleri barada aýdyp, olary öýlerine ugratmak boýunça dabaraly çäreleriň guralmalydygyny belledi. Şunda söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlyk işlerinde has tapawutlanan harby gullukçylary höweslendirmegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna goşun düzümlerinde we harby bölümlerde berk tertip-düzgüniň saklanmagyna, watansöýüjilik çäreleriniň geçirilmegine, gulluga çagyrylan ýaş esgerleriň şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däplerine söýgüsiniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda gol çekilen degişli topary döretmek hakyndaky ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bu toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda teklip taýýarlanyldy. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Dürli derejede geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meýilnamalary iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyň täze derejä çykmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli geçirilýän duşuşyklara, şol sanda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan toparynyň çäklerinde iki döwletiň işewür düzümleriniň wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň strategik ähmiýetiniň bardygyny, olaryň giň möçberli bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda aýratyn möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstaşyr gatnawlary artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belläp, resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra agentligiň Baş direktory Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň seçilip alnandygy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, halkara ähmiýetli ulag ulgamyny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagyň milli maksatnamalaryň hem-de bu ugurda amala aşyrylýan strategiýanyň baş maksadydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň hiline hem-de inženerçilik-tehniki üpjünçiligine, binalaryň daşky we içki bezeglerine hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm üns berilmelidigini nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýewe söz berildi. Ol aprel aýynyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ygtybarly esasyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna öz içine medeni çäreleri hem alýan saparyň maksatnamasy hödürlenildi. Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler belent mertebeli myhmana hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, mähriban halkymyzyň baý milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Aziýa sebitiniň ýurtlary, şol sanda Hindistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Aşgabatda ýokary derejede meýilleşdirilen duşuşygyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Bu duşuşyk köpasyrlyk dostlugyň berk binýadyna hem-de taryhy köklere esaslanýan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika ulgamy bilen bir hatarda senagat, ulag we kommunikasiýalar, öňdebaryjy tehnologiýalar pudaklarynda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Gadymdan bäri türkmen we hindi halklaryny baglanyşdyrýan hem-de häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Türkmenistan we Hindistan Respublikasy köptaraply görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow