Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr.
Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini artdyrýar.
Ir bilen şu günki dabara gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň çägine degişli günorta künjegine ýygnandylar. Aýdym-sazlaryň belent owazy bu ýerde özboluşly dabaraly ýagdaýy döretdi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ak mermerli Aşgabat barha gözelleşýär we öz çäklerini giňeldip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Binagärligiň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň möhüm desgalary hasaplanylýan ýüzlerçe binalar guruldy. Şolaryň käbirleriniň abraýly halkara baýraklara mynasyp bolmagy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi milli binagärlik ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny görkezýär.
Şeýlelikde, şäher ösüşiniň konsepsiýasy tapgyrlaýyn esasda oýlanyşykly durmuşa geçirilýär. Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şeýle hem şäher gurluşygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan köpelýär, Aşgabat täze abadanlaşdyrylan hem-de döwrebaplaşdyrylan gurluşyklar arkaly çägini giňeldýär.
Şäheriň günorta künjegi Köpetdagyň dag eteklerine tarap uzaýar. Demirgazykda bolsa Garagum sährasyna çenli çägi öz içine alýar. Şol ýerlerde häzirki zaman kottejleri, mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar kemala gelýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän bu ýylda hem ata Watanymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäre üstünlikli dowam edýär. Halkymyzyň “Bag durmuşyň bezegidir” diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi.
Şäheriň gözelligi we arassalygy paýtagtymyzyň adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäher ilatynyň döredijilik we watansöýüjilik ruhuny belende göterýär. Şäheriň çäginde seýilgäh zolaklarynyň köpelmegi, meýdançalarda, ýol ýakalarynda hem-de paýtagtymyzyň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi we bar bolan baglara degişli derejede ideg edilmegi ekologiýa ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy ýakymly howa gurşawyny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy. Döwlet Baştutanymyzy şu günki dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary garşyladylar.
Şu pursatda ýaňlanan aýdymdyr-sazlar dabara öwüşgin çaýyp, hemmeleri ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuwlaryny ata Watanymyzyň bähbidine zähmet bilen üstünlikli utgaşdyrýan köp sanly ýaşlar bolan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýarlanan ýere geldi.
Hormatly Prezidentimiziň ýanyna häzirki döwrüň bagtyýar nesliniň wekili gelip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bag ekmek çäresine badalga bermegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny ekip, bu çärä badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz oglanjyga toý sowgadyny gowşurdy hem-de onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan asylly çärä gatnaşmagy köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ähmiýetini artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň berkarar eden milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezdi.
Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli bag nahallarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi hem-de ideginiň ýokary derejede ýola goýulmagy dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklarynyň döredilmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Ählihalk çäresiniň öňüsyrasynda toprak ýagyş yzgaryny özüne siňdirip, howa arassalandy. Munuň özi çärä gatnaşyjylara joşgun berdi.
Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi adamzadyň durmuşynda aýratyn wajyp hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ekilen baglaryň bu künjegiň topragyna durnukly görnüşleriniň seçilip alynmagy, şunda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmegi işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.
Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär, munuň adamlaryň saglygyna oňyn täsiri uludyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerlerden ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi görünýär. Döwrebap desgalaryň bir bitewi sazlaşygy şäheriň binagärligine gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Munuň özi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
...Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden we tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde we umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek. Suw akabalarynyň kenarlaryna saýaly baglaryň ekilmegi topragy we kenary berkitmekde möhüm hasaplanylýar. Ýurdumyzyň dag eteklerinde arçalaryň ekilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Şol bir wagtyň özünde miweli baglaryň ekilmegi ýurdumyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, ter miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýär. Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilýän möwsüminde saýaly we gyrymsy baglar bilen bir hatarda, miweli baglaryň, üzümiň ekilmegi zerur hasaplanylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereklerinde tokaý zolaklary kemala gelýär. Şunda ylmyň gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ykdysady babatda hem ekologiýa babatda hem örän bähbitlidir.
Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we agzybirligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli bolan işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny we baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajypdyr.
Soňky ýyllarda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi netijesinde, onlarça million düýp baglary özünde jemleýän tokaý zolaklarynyň çägi has-da giňedi. Her bir şäheriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde tokaý zolaklary emele geldi. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta künjegi gür baglyga bürendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ruhubelentligini we işe bolan höwesini artdyrýan aýdym-sazly çykyşlaryň ähmiýetlidigini belläp, sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Müňlerçe adamlar bu çärä uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşdylar. Şonuň netijesinde, şäherlerimiziň we paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklary döreýär, munuň özi bolsa amatly gurşawyň döremegine ýardam berýär hem-de ilatyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, her bir adamyň bu sogap işe goşant goşmagy parzdyr. Bu bolsa Diýarymyzyň gözelligini artdyryp, arassa howa gurşawynyň kemala gelmegini üpjün eder.