Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 15.03.2022
1344

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz kärdeşi bilen söhbetdeşlikde şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň yglan edilen jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bolandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini netijeli dowam etjekdigini aýtdy.

Dostlukly döwletiň Baştutany Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze syýasy işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi we täze Prezidentiň häzirki taryhy eýýamyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygy, şeýle hem bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy üçin Azerbaýjanyň Liderine minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Biz uzak ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda bilelikde iş alyp bardyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine, iki doganlyk halkyň bähbidine berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz öz kärdeşine berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny gutlap, döwletiň we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan işleriň, şol sanda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny uzak möhletleýin esasda ösdürmäge, Türkmenistanyň iki ýurduň doganlyk halkynyň bähbidine bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etdirmäge doly taýýardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň we bilelikdäki iş boýunça toplanan ägirt uly tejribäniň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli esasda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şunda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmekde pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikler, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow