Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 15.02.2022
1778

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de wise-premýerler E.Orazgeldiýewi we Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly arkaly giňeltmek boýunça degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew häzirki döwürde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat desgasynyň guruljak ýerini kesgitlemek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda edilýän zerur tagallalar barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, geçirilýän gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändigini, şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň ykdysady taýdan bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde hem bähbitlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere degişli teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmek, şol sanda senagat toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan, gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik desgasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Abdrahmanowy, Ç.Purçekowy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da, uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä ýüzünde ýurdumyzyň uglewodorod we energiýa serişdelerine, şol sanda tebigy gaza, elektrik toguna islegleriň barha artýandygyny belläp, ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, oňa innowasiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişelik üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, täze eksport ugurlaryny açmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçiligine, onuň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna zerur üns berilýändigini belledi we bu ugurda ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini üpjün etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geografik taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistana dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, aýratyn-da, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda degişli gepleşikleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, bu babatda hereket edýän hökümetara toparlaryň işini talabalaýyk ýola goýmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýunça zerur tagallalary etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, şunda önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi, Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.

Paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda alnyp barylýan ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Aşgabatda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek we olaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we ekologiýa derejesine bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine, şunda bilim ojaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde bu düzümleriň binalarynyň gurluşygyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýerden degişli işlere gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalary we zerur bolan tohumlary taýýarlamak işleriniň barşy, ak ekinlere edilýän ideg işleri, gowaça ekişi bilen bir hatarda beýleki gök ekinleriň ýazky möwsümine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän ähli zerur çäreler görülýär. Şeýle hem sebitde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi, bellenilen gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki gurallary talabalaýyk taýýarlamak, kärendeçileriň zerur bolan tohumlar, mineral dökünleri bilen üpjünçiligini ýola goýmak meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreş işlerini kada laýyk alyp barmak wajypdyr.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatda ýazlyk sogan ekişini 5-nji martda tamamlamak, şu maksat bilen, sogan ekişiniň depginini güýçlendirmek we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmek işlerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda sogan ekişiniň depginlerine nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şol bir wagtyň özünde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meseleleriniň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, bugdaýy goşmaça iýmitlendirmek, ýazlyk ýeralmanyň ekişini guramaçylykly geçirmek we ýerleri agrotehniki kadalara laýyklykda taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny belläp, olary öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini aýdyp, kesgitlenen wezipeleri ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilmelidir we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň gurluşyklary öz wagtynda tamamlanmalydyr, olarda ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şu günler ýaz ekişine taýýarlyk bilen bir hatarda, ak ekinlere ideg işlerini talabalaýyk alyp barmak, ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, welaýatda dürli maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine zerur ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, gowaça we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçiligini ýola goýmak meseleleriniň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan möwsümleýin işleriň talabalaýyk guralmagynyň, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýazlyk sogan ekişine 25-nji fewralda, ýeralmanyň ekişine bolsa 1-nji martda girişmek, şunda ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny degişli derejede taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olary agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şol bir wagtyň özünde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, lagym arassalaýjy we suw desgalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine zerur derejede üns berilýär.

Şeýle hem häkim 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan welaýatyň Dänew etrabyna degişli baýragy gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtap, şeýle ýokary döwlet baýragy üçin Arkadag Prezidentimize tutuş etrabyň ilatynyň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyny belledi. Şeýlelikde, ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, daýhanlaryň durmuşynda wajyp döwür hasaplanýan ekiş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatda ýazlyk sogan ekişini 5-nji martda tamamlamak, şol bir wagtyň özünde ýazlyk ýeralmanyň ekişini guramaçylykly geçirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, olary öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de ekişde ulanyljak gurallary ýaz ekişine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyk işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiligine degişli işleriň alnyp barylmagynyň, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda we ilatyň durmuş düzümine degişli işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň we oňa täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu güne çenli ekiş geçiriljek meýdanlaryň 82,5 göteriminde sürüm işleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ak ekinleriň ösüş döwrüne laýyklykda, ideg işleri, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 10 müň gektar meýdana ýazlyk soganyň ekiljekdigini, şu güne çenli bu ugurda bellenen meýilnamalaryň 60,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektara ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Umuman, 2022-nji ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleri 106 müň gektara ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigini, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ähli oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, möwsümleýin işleriň guramaçylykly geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow