Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr bu düzüm tarapyndan ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda goşunlaryň dürli kysymlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, esgerleriň hem-de serkerdeleriň netijeli gullugy üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda guralmagynyň harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny dowam etmek, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda durýan Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet taýýarlygynyň hem-de söweşjeň ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmegi möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz işgärler düzümini pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, ministre ugurdaş okuw mekdeplerinde bilim, syýasy-terbiýeçilik hem-de jemgyýetçilik işlerini talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri kanunylygy, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk prokuror gözegçilik çärelerini ulanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow IIM-niň düzümlerinde 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda durmuşa geçirilen işler hem-de hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, kärhanalarda, edaralarda, ýurdumyzyň sebitlerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetçilik hukuk tertibini hem-de kanunylygy berjaý etmek maksady bilen, IIM-niň ähli düzümleriniň utgaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri işler edaralarynyň ulgamynda işiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow kazyýet düzümlerinde degişli döwürde alnyp barlan işleriň jemleri, döwrüň talaplaryna laýyklykda kazyýet işlerini guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk, demokratik döwlet hökmünde mundan beýläk-de ösüşiniň köp babatda bu ulgamyň işiniň netijeliligine baglydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kazyýet işini kämilleşdirmegiň hem-de bu ulgama kanun çykaryjylykdaky öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Milli Liderimiz raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde kazyýet edaralaryna aýratyn ornuň degişlidigini belläp, Ýokary kazyýetiň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew berkarar türkmen döwletiniň gazananlaryny ygtybarly goramak, asuda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek boýunça ýanwar aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümiň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak, onuň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalaryň köp babatda jemgyýetimiziň jebisligi netijesinde üstünliklere beslenýändigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki zamanyň ählumumy howplary we wehimleri bilen baglylykda, milli howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekip, bu babatda milli howpsuzlyk ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Watan goragçylarynyň mynasyp gulluk etmegi üçin döredilýän şertler, serhet goşunlaryny iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üýtgewsiz durmuşa geçirýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň kadalaryna laýyklykda, serhetlerimiziň howpsuzlygynyň hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň sarsmaz galasy bolan Milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugyna bildirilýän esasy talapdygyny nygtap, şahsy düzümiň beden we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen durmuşa geçirilen toplumlaýyn işler, kabul edilýän hukuk resminamalarynyň maksatlaryny we wezipelerini raýatlara düşündirmek boýunça guralan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bellenilen tertipde hukuk resminamalarynyň taslamalaryna hukuk seljermesini geçirmek uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz güýje girýän kanunlaryň kadalaryny ilata düşündirmek işinde täze usullaryň ulanylmagynyň möhümdigini aýtdy.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe geçirilen işleriň jemleri, düzüm böleklerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasaba almagyň sanly tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmak, daşary ykdysady amallaryň seljermesi barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegiň möhümdigi bellenildi.
Daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini hem-de halkara ýük gatnawlarynyň sanynyň artýandygyny hasaba almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlaryň has içgin barlanylmagyny, olaryň bellenilen hil ölçeglerine doly laýyklygyny üpjün etmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük nokadynyň üsti bilen harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçiriliş tertibini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda düzümiň ýolbaşçysyna degişli düzgünleriň şertlerini üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şahsy düzümiň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi, işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasy talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň ýagdaýy, olaryň ýylyň başyndan bäri harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Ugurdaş edaralarda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy halkara iş tejribesini seljermek, şeýle hem Milli goşunymyzyň işgärler mümkinçiliklerini berkitmek, esgerleriň hem-de serkerdeleriň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça geçirilen işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Ýaragly Güýçleriň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu düzümleriň şahsy düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň oňyn çözülmegi, olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, netijeli zähmet çekmegi, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtap, döwletimiziň geljekde hem bu ugurda degişli işleri geçirjekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.