Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.
Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
— Hormatly jenap Prezident, men Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi. Siz ýakyn wagtda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrmagy meýilleşdirýärsiňiz. «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň we «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň sowallaryna jogap bermäge razylyk bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.
— Ozaly bilen, «CCTV» we «CGTN in Russian» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş edendikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin. Hytaýda hem, onuň çäklerinden daşarda hem millionlarça tomaşaçylary we okyjylary bolan, dünýäde meşhurlyk hem-de uly abraý gazanan şeýle köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen söhbetdeşligiň geçirilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda özara düşünişmegiň has-da giňeldilmegine ýardam berer.
Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdim barada aýdylanda, ol, ilkinji nobatda, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen şertlendirilendir.
Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýunlar halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga hem-de birek-birege hormat goýmaga ýardam berýär. Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim.
— Gyşky Olimpiýa oýunlaryndan Siz nämelere garaşýarsyňyz?
— Bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk hem-de sport ruhy, adalatly bäsleşik, oňa gatnaşyjylaryň birek-birege hormat goýmak ruhunda, tomaşaçylaryň ägirt uly gyzyklanma ýagdaýynda geçjekdigine ynanýaryn.
Biz Hytaýyň bu Olimpiada taýýarlyk görşüni üns bilen synladyk. Taýýarlyk üçin giň gerimli işleriň ýerine ýetirilendiginiň, köp sanly ajaýyp desgalaryň gurlandygynyň, innowasion häsiýetli we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň peýdalanylandygynyň hem-de ornaşdyrylandygynyň şaýady bolduk. Siziň ýurduňyz giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Öňde boljak Olimpiadanyň köp sanly haýran galdyryjy netijeleri berjekdigine, dünýä sportunyň taryhynda unudylmajak waka öwrüljekdigine, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamlar üçin köpöwüşginli hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynanýaryn.
— Hytaý 1992-nji ýylda Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan, şeýle hem ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldan ilkinji döwletleriň biridir. Geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistan ynanyşmak, özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdular. Siziň pikiriňizçe, bu hyzmatdaşlyk haýsy ulgamlarda has netijeli ösdürilýär, iki ýurduň hem ösüşine we abadançylygyna ýardam berýär, dünýä derejesinde parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň berkidilmegine gulluk edýär?
— Biz Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet hökmünde berkarar bolmagynyň barşynda Hytaýyň beren goldawyna, Bitaraplyk derejämize hem-de onuň binýadynda alyp barýan daşary syýasat strategiýamyza hormat bilen garandygyna ýokary baha berýäris we muny hiç wagt ýatdan çykarmarys.
Türkmenistan, öz nobatynda, hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin örän möhüm meseleler, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligi, jebisligi baradaky meseleler babatynda öz garaýyşlaryny hemişe anyk we aýdyň beýan edýär.
Biz «bitewi Hytaý» syýasatyny, kenarýaka gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegini we Hytaýyň parahatçylykly birleşdirilmegini hemişe berk goldaýarys.
Türkmenistan üçin Hytaý diňe bir beýik döwlet, dünýäniň örän kuwwatly ykdysady we senagat merkezi, giň we geljegi uly bazar däl-de, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly dostdur. Bu gün biziň gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk wagtyň synagyndan geçdi, öz netijeliligini görkezdi we häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şertine öwrüldi.
Bizi Hytaý bilen dünýägaraýyşlarymyzyň, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde maksatlarymyzyň hem-de wezipelerimiziň ýakynlygy birleşdirýär. Bu bolsa iki ýurda iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, dünýä giňişliginde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege goldaw bermäge, oňyn çözgütleri öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin syýasy-diplomatik tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Gatnaşyklarymyzyň şunuň ýaly derejesi Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýär, Ýewraziýa yklymynda we tutuş dünýäde ösüş hereketlerine oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak meselesi aýratyn orun eýeleýär. Bu meselede hem biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem sebitde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine esaslanýan ygtybarly howpsuzlyk ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler hem-de ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýol bilen çözmäge ygrarlydyrlar.
Bu ugurda Türkmenistan bilen Hytaý dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edip, özara hereket etmegiň sebit gurallarynyň döredilmegine iş ýüzünde uly goşant goşýarlar we sebitde emele gelýän oňyn meýilleri goldamaga ýardam berýärler.
Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda uly kuwwata eýedirler. 2009-njy ýylyň ahyrynda strategik ähmiýetli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi hem munuň subutnamasydyr. Bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyk, özara bähbitlere düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, gaz geçirijiniň işe girizilmegi netijesinde açylan giň mümkinçiliklere we onuň geljegine göz ýetirmegiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi turbageçiriji energetika taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmegiň maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr.
Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan zerurlyklaryny hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar, onuň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen mejlisinde 5 resminama, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021 — 2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Biz bu Maksatnama hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde garaýarys.
Umuman aýdylanda, iki döwlet hem hyzmatdaşlyk üçin syýasatda, ykdysadyýetde we söwdada, ulag ulgamynda we energetikada, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
— Hytaý bilen Türkmenistan giň gerimli başlangyçlary — degişlilikde, «Bir guşak — bir ýol» we «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge girişdiler. Siz bu iki strategiýa uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelmegi nukdaýnazaryndan nähili baha berýärsiňiz?
— Hakykatda, özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa ýokarda agzalan strategiýalary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge ýardam berýär. Bu başlangyçlaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer hem-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantika ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiýa ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, halklaryň ýaşaýyş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň biziň yklymymyzda geoykdysadyýetiň täze keşbini kemala getirmegiň esasy bolup durýandygyna ynanýaryn. Munuň özi hakykatdyr hem-de islendik oňyn başlangyçlar, strategiýalar we teklipler özara bähbitleriň we uzak möhletleýin maksatlaryň sazlaşygy esasynda biri-biriniň üstüni doldurmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» konsepsiýasy öz tebigaty we geoykdysady ähmiýeti boýunça Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy bilen utgaşýar.
— Uly pandalaryň Hytaýyň milli baýlygy bolşy ýaly, ahalteke bedewleri Türkmenistanyň gymmatly mirasy hasaplanylýar. Hytaýda hem bu bedewlere uly sarpa goýulýar hem-de olar «behişdi bedewler» diýlip atlandyrylýar. Bu seýrek duş gelýän atlar 2 müň ýyl mundan ozal gadymy Ýüpek ýoly boýunça Hytaýa getirilipdir. Biziň bilşimiz ýaly, Siz bedewleri öwrenmek we olary wagyz etmek boýunça ussat hünärmensiňiz. 2014-nji ýylyň maý aýynda, haçan-da Siz HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine hem-de Pekinde Hytaýyň atşynaslyk medeniýetiniň festiwalynyň açylyş dabarasyna gatnaşan mahalyňyz Hytaýa ahalteke bedewini sowgat berdiňiz.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin ýagdaýda ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlykdan başga-da, medeniýet, bilim, ylym we tehnika, sport hem-de beýleki ynsanperwer ulgamlarda özara alyşmalary giňeltmek we çuňlaşdyrmak ugrunda ýene-de nähili çäreleri geçirmegi zerur hasap edýärsiňiz?
— Siziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly getiren mysalyňyz Türkmenistanyň we Hytaýyň gadymy hem-de baý taryha eýe ýurtlardygynyň, biziň gatnaşyklarymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň subutnamasydyr. Bu babatda bahasyna ýetip bolmajak bu gymmatly mirasy häzirki zaman ýagdaýlarynda we şertlerinde düýpli öwrenmek, onuň ähmiýetine göz ýetirmek üçin Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň taryhy gatnaşyklarynyň çuň gatlaklaryny öwrenmek talap edilýär. Bu ugurda iki ýurduň alymlarynyň, taryhçylarynyň bilelikde netijeli iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Medeni-ynsanperwer ulgam iki ýurduň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Biziň halklarymyz Türkmenistanyň we Hytaýyň sungaty hem-de edebiýaty bilen tanyşmaga özara gyzyklanma bildirýärler, ýurtlarymyz hem bu meýilleri höweslendirýärler, döredijilik we ylmy işgärleriň ýakyndan gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýärler. Biz Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyga geldik.
Bilim ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyza bilim bermäge taýýardyklaryna ýokary baha berýäris, türkmen ýigitleri we gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň iň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýärler.
Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdüriler. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna wekilçilikli hytaý toparynyň gatnaşmagy munuň subutnamasydyr. Öňde boljak gyşky Olimpiadanyň ýurtlarymyzyň arasynda sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn.
Bir söz bilen aýdylanda, wagt biziň hem-de geljekki nesilleriň bähbidine işleýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri iki halkyň hem-de döwletleriň özara ýakynlaşmagynyň bähbidine hakykatda emele gelen zerurlykdyr we ol hemmetaraplaýyn döwlet goldawyna eýe bolar.
— Jenap Prezident, Siz Bahar baýramynyň — Hytaýyň Täze ýylynyň ýetip gelen mahalynda interwýu berýärsiňiz. Pursatdan peýdalanyp, Sizden hytaý halkyna Täze ýyl gutlaglaryny aýtmagyňyzy haýyş etmek isleýäris.
— Baş üstüne! Men hytaý halkyny Täze ýyl bilen gutlap, tüýs ýürekden parahatçylyk we abadançylyk, öňde goýlan ösüş meýilnamalarynyň ählisiniň hasyl bolmagyny, ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň abadançylyk we ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde täze uly üstünliklere ýetmegini arzuw edýärin. Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň geljek ýylda siziň ýurduňyza täze üstünlikleri we ýeňişleri getirjekdigine ynanýaryn.
— Hormatly jenap Prezident, interwýu üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris hem-de Hytaýa üstünlikli we netijeli sapary amala aşyrmagyňyzy arzuw edýäris. Köp sag boluň!