Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Milli Liderimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň çap edilmegi mynasybetli maslahat
Medeniýet
Milli Liderimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň çap edilmegi mynasybetli maslahat
Çap edildi 15.12.2021
14035

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” goşgusyna bagyşlanan “Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Oňa medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjylar we şahyrlar milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanýandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň asudalygy hem-de durnuklylygy, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýörelgeleriniň üstünlikli ýeňişlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Çykyş edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellediler.

Milli Liderimiziň düýpli edebi çemeleşmeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, özygtyýarlylyga hormat goýmak, serhetleriň mizemezligi, milletimiziň ajaýyp däp-dessurlary eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mizemez binýatlarydyr.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze şahyrana eseri açyklyga çagyryş bolup, onda halkymyzyň geçmiş taryhynyň dowamynda iň çylşyrymly meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge ygrarly bolandygy ýiti şahyranalyk bilen beýan edilýär.

Goşgynyň awtory halkara derejede ykrar edilen Bitaraplygyň syýasy-hukuk derejesi barada aýdyp, okyjylara halklary parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de tutuş adamzadyň bagtly geljeginiň bähbidine jebisleşdirýän ýörelgeleriň mizemez ähmiýetini açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolan hemişelik Bitaraplygy Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykmagynyň möhüm şerti boldy. Bu babatda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar hem-de her bir pudak umumy işe öz mynasyp goşandyny goşýar.

Meşhur aýdymçylaryň Bitarap Diýarymyz barada ýerine ýetiren aýdymlary Mukamlar köşgünde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna döredilen aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň hem-de döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň halk aýdym-saz ussatlary we meşhur estrada ýyldyzlary belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň halk artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Arkadagym, Siz bilen!” hem-de “Halypamyz Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdi.

“Dünýä dursun parahat!” atly şowhunly aýdym parahatçylygyň, asudalygyň we sazlaşykly ösüşiň waspy bolup ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjynyň belent owazyna öwrüldi. Ol Watanymyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda nurana geljege ynamly gadamyny beýan etdi.

Milli Liderimiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylda döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan goşgusy döwlet Baştutanymyzyň jöwher zehininden dörän eserleriniň üstüni ýetirdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Halkara Bitaraplyk güni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli halkymyza peşgeş beren ajaýyp döredijilik sowgady hem-de jemgyýetimiziň ruhy baýlygynyň yzygiderli artdyrylmagyna hemişe üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Soňky habarlar
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
top-arrow