Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Çap edildi 15.10.2021
2079

Hormatly senagat işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabara bilen toýlanan ýylynda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Bu ýyllarda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge niýetlenen maksatnamalar kabul edildi, geljek ýyllar üçin döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, ýurdumyzyň senagat pudagy çalt depginler bilen ösdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan ägirt uly üstünliklere ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda senagat pudagynyň zähmetsöýer, agzybir işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki döwürde berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti pudaga ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Bu günki günde senagat toplumy halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň öňbaşçysy bolmak bilen, pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar. Geljegi uly hem-de eksport ugurly senagat pudaklarynda ösüşiň täze belentliklerine çykmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň maksatlary öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda innowasion enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap senagat kärhanalary gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Senagat kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. Pudaga dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň möçberi, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi mundan beýläk-de artdyrylar we pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynda we şäherlerinde häzirki zaman döwrebap senagat desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga uly goşant bolar.

Himiýa senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýar. Bu pudak mineral dökünleri, natriý sulfatyny, ýody, bromy we brom önümlerini, tehniki uglerody we beýleki himiýa önümlerini öndürýän pudak bolup durýar. Mineral dökünleri öndürmegiň giň gerimde alnyp barylmagy we olaryň görnüşleriniň köpeldilmegi ýurdumyzyň oba hojalygynyň mineral dökünlere bolan islegini öz güýjümiz bilen doly kanagatlandyrmaga şert döretdi hem-de olaryň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Berkarar döwletimizde himiýa senagatynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly täze kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Bu bolsa diňe bir himiýa senagatynyň däl, eýsem, tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Onuň hil taýdan ösüşini üpjün edýär hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.

Hormatly senagat pudagynyň işgärleri!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Senagat işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň senagat pudagyny ösdürmekde alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow