Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 14.09.2021
774

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň kabul edilen durmuş we pudaklaýyn maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmek zerur bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ministr ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzy, sebitleri we halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak baradaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Ministr sanly ykdysadyýete geçmek boýunça Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, häzirki wagtda esasy ulgamlaryň ählisine öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilýändigini aýtdy. Ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini kadalaşdyrýan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişiniň yzygiderli seljerilýändigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň içgin seljerilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belläp, degişli çäreleriň ählisiniň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ugurdaş düzümler bilen bilelikde telekeçiligi okgunly ösdürmek, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek maksady bilen, utgaşykly işleri amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etjekdigini, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltjekdigini aýdyp, maliýe we ykdysadyýet ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji böleginde göz öňünde tutulan goşmaça çeşmeler, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada habar berdi.

2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetiň jemi içerki önüminiň garaşylýan derejesi, durmuş ulgamyna gönükdirilmegi meýilleşdirilýän serişdeleriň möçberi barada aýdyldy. Hususan-da, esasy maliýe resminamasynda öňümizdäki ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberiniň 10 göterim ýokarlandyrylmagynyň göz öňünde tutulandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň hususy ugurlarynyň höweslendirilmegine, maýa goýum kuwwatynyň artdyrylmagyna, durmuş ugurly ulgamyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletli milli pudaklaýyn hem-de sebit maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri nazara almak bilen işlenip taýýarlanylmalydyr.

Makroykdysady görkezijileriň yzygiderli seljerilmeginiň hem-de geljek üçin çaklamalaryň düzülmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz ykdysady ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ulgamyň edaralarynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna sanly ulgama geçmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ulgamda ýokary hilli hyzmatlaryň we önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi karz edaralarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnuklylygyny üpjün etmegiň, durnukly ykdysady ösüşi saklamagyň, bazar edaralaryny özgertmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalary goldamak, şol sanda söwdany hem-de daşary ykdysady işi höweslendirmegiň häzirki zaman serişdelerini peýdalanmagy giňeltmek arkaly goşmaça maliýe taýdan ösdürmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz söwda guramalaryny täze eksport bazarlaryna önümleri ibermegi giňeltmäge höweslendirmek ýoly bilen, eksport ugurly önüm öndürýän kärhanalary goldamagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitläp, bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
16.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
15.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
15.10
Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
15.10
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna garamak üçin iberdi