Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de baý ruhy mirasyny düýpli öwrenmek, olary gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dürli döwürlerde Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşine uly goşant goşan meşhur ildeşlerimize belent sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.
Mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Ir bilen täze mekdebiň ýanynda baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda giňden bellenilýän baýramçylyk hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
“Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda türkmenistanlylaryň ýaş nesline okuwda üstünlikleri, mugallymlara bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Dabarada çykyş eden A.Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, bu gün bilim ulgamynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilýändigini, onuň düzüminiň, okatmagyň usulyýetiniň hem-de maksatnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygyny bellediler.
Eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy, şolaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Ýygnananlar milli Liderimize ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watançylyk ruhuna hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaşlaryň kemala gelmegi barada edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda işde tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim edýär. 960 okuwçy orunlyk ajaýyp mekdep oglanlary we gyzlary özlerine garaşyp duran giň synp otaglaryna çagyrýar. Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli okuwçylar baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar.
Dabara gatnaşyjylar täze mekdep bilen tanyşdylar, bu ýerde okuwlaryň, terbiýeçilik işiniň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredildi. Okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.
Hususan-da, lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.
Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” kompýuterlerini gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.
Umuman, Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep milli Liderimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan täze bilim syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy. Şu baýramçylyk güni täze mekdepleriň okuwçylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň adyna ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
***
Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.
Täze mekdepler baýramçylyga beslenip, dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu şanly waka bilen okuwçylary hem-de mugallymlary bilim ulgamynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gutladylar.
Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň oňat bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Dabaralara gatnaşyjylar milli Liderimize ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge hem-de dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen oňyn strategiýasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Mekdeplerde giň we ýagty synp otaglary, lingafon hem-de ders otaglary, sport we maslahat zallary, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri ýerleşdirildi.
Döwrebap kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar, innowasion tehnologiýalar fizika, himiýa, matematika we beýleki dersler boýunça okuw işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň her birinde kitaphanalar hem-de okuwçylaryň döredijilik zehinlerini özleşdirmekleri üçin niýetlenen saz otaglary bar. Oglanlardyr gyzlar zähmet sapagy üçin, degişli enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.
Täze mekdepleriň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalaryny, ylgaw ýodalaryny öz içine alýan sport şäherjikleri bar.
Şu günki dabaranyň şanyna bu ýerde, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.
Şeýlelikde, şu gün gapylaryny giňden açan täze umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şol bilimler ýaşlara geljekde ata Watanymyzy has-da ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.