Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 30.08.2021
2336

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly wezipeler, täze 2021-2022-nji okuw ýylyna hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hususan-da, umumybilim berýän mekdepleriň 5-sini ulanmaga bermek, 1-nji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleri gowşurmak boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada habar berdi. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine niýetlenen ýerlerde sürüm we tekizlemek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basyp, ýokary hilli tohumlar taýýarlanyldy. Şeýle hem ata Watanymyzyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda badalga beriljek, geljekki hasylyň düýbüni tutjak bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ýerleriň ekişe taýýarlanylmagyna, bugdaý öndürijileriň zerur ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegine, bugdaý ekişine ähli ekiji gurallaryň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň doly taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde täze orta mekdepleriň dabaraly ýagdaýda açylýandygyny, munuň bolsa bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatyň ähli bilim edaralarynda täze okuw ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häkim 1-nji sentýabrda 1-nji synpyň okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dünýä ölçeglerine kybap gelýän kompýuterleriň gowşuryljakdygyny habar berdi.

Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine — bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi, şol sanda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin niýetlenen ýerlerde sürüm we tekizlemek işleriniň depgini barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň oňat terbiýe we döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ekiş möwsüminiň degişli derejede guralmagyny talap edip, häkime geçiriljek işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Hususan-da, güýzlük bugdaý ekişi üçin niýetlenen ýerleriň taýýarlygyny üpjün etmek, olarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, sürüm geçirmek we tagt hem-de ýuwuş suwuny tutmak möhümdir.

Şeýle hem gallaçy kärendeçileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine doly taýýarlamak barada tabşyryk berildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyklara hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky şanly wakalara taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmek barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda guramaçylyk meselelerine hem seretdi. Hususan-da, B.Annamämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipelere D.Jumaýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem milli Liderimiz H.Orjykowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä G.Nyýazowy belläp, ony Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalary sanly ulgam arkaly Balkan welaýatynyň häkimine iberip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň täze okuw ýylyna hem-de ýakynda badalga beriljek güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak, bugdaý ekiljek ýerlerde sürüm, tekizlemek hem-de tagt we ýuwuş suwuny tutmak işleri barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Häkim täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk, hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň gowşuryljakdygy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat pudagyny ösdürmäge berilýän ünsüň möhümdigini, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi.

Milli Liderimiz bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki hasylyň girewidigini belläp, häkime öňde durýan işleriň ýokary depginini üpjün etmek, şonuň ýaly-da, bar bolan serişdeleri, oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýerleriň hasyllylygyny hem-de agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatyndaky işlere ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Ýerlerde sürüm geçirmek, kärendeçileri oba hojalyk tehnikalary hem-de beýleki serişdeler, suw, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meseleleri elmydama üns merkezinde saklanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşajyk raýatlaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, saglygyny berkitmegiň, ýokary hilli bilim almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtap, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz güneşli Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň baýramyny bellemek barada aýdyp, häkime dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, kärendeçi gallaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Welaýat häkimi täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda täze, döwrebap mekdepleriň ikisiniň açylmagynyň meýilleşdirilendigi, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synpyň okuwçylaryna kompýuterleriň gowşuryljakdygy barada hasabat berildi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň baş baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge ünsi çekip, 3-nji sentýabrda badalga beriljek bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň möhümdigini nygtady. Häkime ýerleri we ähli oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamagyň, kärendeçileri ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün etmegiň meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz şunda innowasion çemeleşmeleriň, gallaçylary höweslendirmegiň hem-de hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini belledi we häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň 1-nji synp okuwçylary üçin aýratyn ýatda galyjy waka bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäginde birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat beriljekdigi barada aýdyldy.

Şonuň ýaly-da, sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk — daýhanlary ýokary hilli tohum, dökün, tehnikalar, ýeterlik derejede suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli bellenilen dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba zähmetkeşleriniň öňünde jogapkärli wezipäniň — güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmegiň durýandygyny belledi hem-de ony toplumlaýyn esasda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu möwsümde tehnikalaryň kadaly ulanylmagyny üpjün etmäge, tohumlaryň hiline, beýleki serişdeleriň taýýarlygyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň bellenilen meýilnamalarynyň ýokary hilli hem-de öz möhletinde ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz sebitde täze okuw ýylynyň başlanmagy we Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara guramaçylykly taýýarlyk görmek we bu meseleleri gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň önümçiligini artdyrmaga hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Häzir tutuş ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Zerur bolan ähli tehnikalar möwsüme doly taýýar edilip, daýhanlar ýokary hilli tohumlar, dökünler, suw bilen öz wagtynda üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymy möwsümini hem-de bugdaý ekişini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda badalga beriljek güýzlük bugdaý ekişi barada durup geçmek bilen, geljekki hasylyň ykbalynyň möwsümiň guramaçylykly geçirilmegine, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk saýlanyp alynmagyna baglydygyny aýtdy.

Ýetip gelýän möwsümlerde ulanyljak tehnikalaryň ýagdaýyna, tohumlaryň hiline, beýleki serişdeleriň taýýarlygyna, harmanhanalaryň bökdençsiz işlemegine aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, wise-premýeriň ünsüni Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna çekdi. Şanly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir. Şu maksat bilen, edermen pagtaçylarymyz şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Şoňa görä-de, gowaça ideg etmek hem-de bereketli hasyl almak möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki ekinleriň bol hasylyny almak üçin olara ideg etmek işleriniň hilini we depginlerini ýokarlandyrmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda hem-de Balkan we Mary welaýatlarynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek bilen bagly işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemlemek bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» önümçilik ugurlary boýunça kesgitlenen wezipeleri doly berjaý etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow