Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Syýasat habarlary
Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Çap edildi 06.08.2021
3327

Şu gün bu ýerde, Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden uzap gelýän dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly dürli ugurly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de öňegidişligiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderlikli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk başlangyçlarynyň birnäçesini beýan etdi. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen nobatdaky sammit köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi berer, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

Däp bolan salamlaşmadan soň, Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlaryň her biri bilen surata düşdi. Milli Liderimiz sammit başlamazdan ozal Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Forum başlamazdan ozal, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň konsultatiw duşuşygynyň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly goňşy ýurtlaryň Liderlerini mähirli mübärekläp, sebitiň ösüşine degişli möhüm meseleler boýunça çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin belent mertebeli myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen ozalky mejlisler syýasy özara hereketleriň şu görnüşiniň esaslydygyny, peýdalydygyny hem-de ýokary netijelidigini ynamly görkezdi. Ol birek-biregiň eýerýän ýörelgesini bilmäge we oňat düşünmäge mümkinçilik berýär, sebitdäki hyzmatdaşlygyň barşy we ugurlary barada bitewi garaýşyň kemala gelmegine ýardam edýär, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda hem-de çeýe täsir etmäge mümkinçilik döredýär, hyzmatdaşlaryň bähbidini nazarda tutup, milli ileri tutulýan ugurlary ýola goýmaga kömek edýär.

Biz şu günki duşuşygyň sebitde bilelikde hereket edilmegini has-da pugtalandyrmaga gönükdiriljekdigine, bu ugurda has işjeň we anyk ädimler üçin şertleri üpjün etjekdigine, yklym we dünýä derejesindäki işlere Merkezi Aziýa sebitiniň netijeli we oňyn gatnaşmagynyň kuwwatly ýagdaýyna öwrüljekdigine garaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň halklarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda öz döwletliligini gorap saklamagy we berkitmegi, onuň kemala gelşiniň başlangyç tapgyrlaryndaky kynçylyklary ýeňip geçmegi başardylar. Bu gün Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerini gazanyp, binýatlyk durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirýärler. Biziň ýurtlarymyzyň jogapkärli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty olara halkara giňişlikde mynasyp abraý getirdi.

Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormat goýmagyň, doganlygyň taryhy köklerine hem-de halklarymyzyň medeni — siwilizasiýa ýakynlygyna daýanýarys diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu mäkäm binýat bize geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň, däp bolşy ýaly, hoşniýetli we netijeli ýagdaýda geçjekdigine ynam bildirip, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyny açyk diýip yglan etdi.

Soňra milli Liderimiz foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, döwletleriň Baştutanlaryny we sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalaryny Türkmenistanda ýene-de bir gezek mübärekledi hem-de şu duşuşyga gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün biz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris diýip, sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle görnüşdäki duşuşygyň örän wajypdygyny, bäş döwletiň ählisiniň Liderleriniň goldawyndan peýdalanýandygyny görkezip, bize Merkezi Aziýa sebitini ösdürmek baradaky esasy meseleleri ynanyşmak we işewür ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýändigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny geçirmek pikirini ara alyp maslahatlaşyp, biz ýokary döwlet derejesindäki syýasy gepleşikleriň bu görnüşiniň Merkezi Aziýada döredijilikli işleri kemala getirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrüljekdiginden ugur aldyk. Gürrüň biziň sebitimiziň durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu bolsa sebitiň durnuklylygyny we yzygiderli ösüşini, bu ýerde ýaşaýan halklaryň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmek maksady bilen, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de beýleki ulgamlaryna degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2018-nji ýylyň martynda Nur-Sultan şäherinde we 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen konsultatiw duşuşyklaryň netijeleriniň sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli işleriniň oňyn mysaly bolandygyny belledi. Bu forumlaryň netijeleri häzir Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde, biziň halklarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurtlarymyzyň Hökümetlerine ýokarda agzalan duşuşyklaryň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna çuňňur seljerme geçirmegi, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň garamagyna orta möhletli döwre niýetlenen, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy hem-de garamaga hödürlemegi tabşyrmagy teklip etdi. Bu resminamanyň taslamasy boýunça deslapky işler eýýäm başlandy. Mümkin bolan iň gysga wagtda ony jemlemek hem-de bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniljek “Ýol kartasyny” kabul etmek zerurdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Biziň ählimiz düýpli maksadymyzda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary hem-de geljegi babatda garaýyşlarda bir pikirdediris. Biziň ýurdumyzyň başlangyç bilen çykyş etmeginde, ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdeleriniň iberilişiniň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny sebitiň döwletleriniň birnäçe gezek we biragyzdan goldamagy munuň subutnamasy boldy.

BMG-niň resminamalaryna esaslanyp, biz Merkezi Aziýada sebitiň içinde energiýa geçirijilere bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen birlikde, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen howpsuz, durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin oňaýly syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek ugrundaky ýol bilen barýarys. Sebitiň ägirt uly tebigy-çig mal serişdeleriniň bardygyny hem-de onuň geografiýa taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, häzirki wagtda bizde ýokarda agzalan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmek üçin hemme mümkinçilikleriň bardygyny pugta ynam bilen aýdyp bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy hem-de bu hyzmatdaşlygyň sebitiň içinde bolşy ýaly, onuň daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleriniň üstünden hem çekilip bilner.

Şeýle mysallary elektroenergetika ulgamynda hem getirip bolar. Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge oňat itergi berip biljekdigine, sebitde köptaraply energetika giňişligini kemala getirmäge ýagdaýlary döredip biljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn we anyk häsiýetli çemeleşmegi teklip etdi.

Ulag ulgamy Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary jemlemegiň zerurdygyna pugta ynam bildirdi. Bu wezipe strategik maksadyň gazanylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ozal bar bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işledilmegi hem-de täzeleriniň döredilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şol ugurlarda Merkezi Aziýa baglanyşdyryjy möhüm halka bolup hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag pudagynda bilelikde işlemegiň toplanan tejribesini ulanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşykly ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmegi teklip etdi. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, ilkinji nobatda, sebitüsti desgalary — awtomobil we demir ýollaryny, köprüleri we ulag düzüminiň beýleki zerurlyklaryny gurmak arkaly ugurlary kesgitlemek gerek.

Türkmenistan Hazar deňzinde öz port kuwwatlyklaryny sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerine peýdalanmak üçin hödürlemäge taýýardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek baradaky teklibini beýan etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, häzir möhüm wezipäniň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doly bahaly söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmekden, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakdan, ony giňeltmekden we hil taýdan täzelemekden ybaratdygyny belledi. Şunda özara salgytlar we paçlar, ýeke-täk üstaşyr tölegleri kesgitlemek, gümrük we migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek babatda kadalary hem-de düzgünleri sazlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyp bolar. Şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk seljermeler hem-de iş ýüzünde amala aşyryp boljak teklipler zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edarasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi. Onuň işine sebitde iş tejribesi hem-de ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry daşarky gatnaşyklara, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere çykylmagydyr. Biz olara energetika, ulag ulgamynda, söwdada bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip edip bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Eýran, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Orta Gündogaryň we Günorta Aziýanyň gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklar hem-de düzümleýin taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaýyn ýollaryny döretmegiň üstünde oýlanyşmak gerek.

Türkmenistanyň Baştutany foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýokary derejedäki soňky bäştaraplaýyn duşuşykdan bäri geçen döwrüň sebit howpsuzlygy babatda ýeňil bolmandygyny belledi. Goňşy Owganystandaky ýagdaýlar durnukly däl, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetlerinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen birnäçe beýleki sebitlerde dawaly ýagdaýlar bar. Şeýle şertlerde bizden aýratyn jogapkärçilik hem-de oýlanyşyklylyk talap edilýär. Biz doganlyk döwletler we halklar hökmünde biziň umumy öýümiz bolan Merkezi Aziýanyň berk we durnukly bolmagy üçin parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara düşünişilmegini ähli güýçlerimiz bilen pugtalandyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biziň halklarymyz ähli döwürlerde özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň nusgasyny görkezip geldiler. Munuň özi şu gezek hem — dünýä ählumumy howp bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtynda hem şeýle bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ine, eýýäm bir ýarym ýylyň dowamynda biziň ýurtlarymyz tagallalaryny birleşdirip, pandemiýanyň ýaýramagyna garşy göreşmekde bilelikde işjeň hereket edýärler. Derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, degişli gorag serişdelerini we beýleki kömekleri ibermek bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň döwletleri pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmak maksady bilen, gysga döwürde söwda gatnaşyklaryny gerekli derejede goldamaga, ýükleri ugratmak, başlanan ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Emma pandemiýa garşy göreşmek COVID-19 sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmagyň derejesi gönüden-göni bagly bolan meseleleri çözmäge ulgamlaýyn we ýokary hünär ussatlygy derejesinde çemeleşmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylym diplomatiýasynyň ugry boýunça sebitiň ýurtlarynyň lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de koronawiruslaryň gelip çykyşynyň tebigatyny, şolar sebäpli döreýän keselleriň ýüze çykyşynyň görnüşlerini giňişleýin öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda hem milli Liderimiz epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini aýtdy.

Biz Merkezi Aziýadaky ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň hataryna goşýarys. Ilkinji nobatda, gürrüň Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna we çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak we suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak barada barýar. Bu ugurlarda biziň oňat işläp taýýarlamalarymyz bar, sebit we halkara derejelerinde möhüm çözgütler kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mundan beýläk-de öňe hereket etmegi dowam etmek, BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümlerini, edaralaryny, maliýe institutlaryny has işjeň çekmek zerur. Sebitiň ekologiýa gün tertibinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýer ýüzüniň beýleki ýurtlary hem-de sebitleri bilen özara hereketleriniň görnüşleri özüni oňat görkezdi diýip, milli Liderimiz nygtady. Beýan edilen ugurlar boýunça biziň ýurtlarymyz bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek gerek.

Döwlet Baştutanymyz beýan eden sözlerini umumylaşdyryp, biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň we hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer we adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip çözüp bilmejek meselämiziň ýokdugyna ynam bildirdi.

Biziň öňümizde çynlakaý we giň gerimli wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleriň ählisine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hötde gelip biljekdigine ynam bildirýändigini aýdyp, şu günki duşuşygyň hem-de döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarynyň ählisiniň yzygiderliliginiň şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendigini nygtap, çykyşyny tamamlady.

Soňra milli Liderimiz sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna söz berdi.

Ilkinji bolup çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ajaýyp guralandygy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýän häzirki duşuşygyň özboluşly mana eýedigini belledi. Şu döwür içinde sebitiň ýurtlary döwlet gurmak işinde, durmuş-ykdysady ösüşde, ruhy-medeni mirasy dikeltmekde uly ösüş gazandylar.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, köpasyrlyk taryh, milli ýakynlyk, umumy däp-dessurlar arkaly birleşen biziň döwletlerimiz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, el-ele berip, birek-biregiň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenip hem-de çylşyrymly pursatlarda özara goldaw bermek bilen öňe barýarlar. Sebitiň ýurtlarynyň Liderleriniň konsultatiw duşuşyklarynyň görnüşi sebit derejesindäki ýakynlaşmalara kuwwatly itergi berýär. Ozal geçirilen sammitleriň netijeleri boýunça döwletara ýakynlaşyş işleri durnukly, yzygiderli, mizemez häsiýete eýe boldy. Gürrüňsiz suratda, sebitleýin hyzmatdaşlykda ýokary derejedäki ysnyşykly ynanyşmak häsiýetli gepleşikler möhüm orun eýeleýär diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazagystanyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylyşyna ýokary baha berip, özara söwdanyň möçberini artdyrmak, täze tapgyrda dünýäde häzirki wagt emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, sebitiň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek üçin bilelikdäki çäreleri kabul etmek babatda pikirini aýtdy. Şeýle hem gazak Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda baglanyşdyryjy köpri bolmak derejesine eýedigini göz öňünde tutup, üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly ätiýaçlyklar bar. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça hereket edýän demir ýol hem uly mümkinçilikleri hödürleýär. Gazagystanyň we Türkmenistanyň port kuwwatlyklary hem-de Türkmenistan — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýoly uly mümkinçilige eýedir.

Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew suw hojalyk we ekologiýa ulgamlaryny Merkezi Aziýada özara hereket etmegiň wajyp meseleleriniň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem belent mertebeli myhmanyň çykyşynda koronawirus pandemiýasy sebäpli emele gelen synaglaryň şertlerinde sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň agzybirliklerini hem-de özara kömek berýändigini ýüze çykarandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, gazak Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň wirusologiýa we epidemiologiýa merkezini döretmek, bu möhüm ulgamda ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ulgamynda, döwrüň möhüm wehimlerine garşy göreşmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny hem belledi.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň gün tertibiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy, şol sanda bilim ulgamy boýunça gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirini aýtdy. Şunda Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumyny döretmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjynyň goldanylýandygy hem beýan edildi.

Belent mertebeli myhman biziň ýurtlarymyzyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara ynanyşmak ruhunda baş maksada — Merkezi Aziýany durnukly, ykdysady taýdan ösen, rowaçlanýan sebite öwürmek maksadyna ýetip biljekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany duşuşygyň şeýle ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde türkmen Lideriniň hyzmatyny nygtap, Merkezi Aziýanyň örän möhüm strategik ähmiýetli sebit bolup durýandygyny, bu ýerde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň sebitiň ähli döwletleriniň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.

Prezident Sadyr Žaparow tagallalary birleşdirmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky pikiri aýtdy, munuň üçin söwda-ykdysady, ulag-logistika, suw-energetika ulgamlarynda üstünlik getirer, şeýle hem COVID-19 pandemiýasynyň oňaýsyz täsirlerine garşy durmakda ähli mümkinçilikleri döreder.

Dostlukly ýurduň Lideri geljek 2022-nji ýylyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-ä agzalyga girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine beslenjekdigini belledi. Şu döwrüň içinde Merkezi Aziýa ýurtlary halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine uly goşant goşdular, birnäçe uly ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl «Merkezi Aziýa — BMG» sammitini geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady, onuň mundan beýläk-de ilerledilmegine sebitiň ähli ýurtlarynyň umumy medeni giňişligi, olaryň dilleriniň we taryhlarynyň meňzeşligi oňyn ýardam edýär.

Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, sebitde durnuklylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine özara bähbitler esasynda oňyn çözgütleri tapmak üçin netijeli gepleşiklere taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen birlikde, Gyrgyzystanyň Baştutany biziň günlerimizde sebiti dünýä söwdasynyň örän möhüm merkezleriniň birine öwürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden uly ähmiýetli ulag ýollary geçýär.

Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň deňiz portlaryna çykmagyna mümkinçilik berýän bar bolan multimodal ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de şeýle geçelgeleri gurmak boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek strategik wezipe bolup durýar. Şeýle hem halkara ähmiýetli gury ýer ulag düzüminiň giňeldilmegi, logistika merkezleriniň döredilmegi sebit üçin uly ähmiýete eýedir.

Belent mertebeli myhman öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýangyç-energetika ulgamynda goşulyşmak, özara bähbitli şertlerde tebigy we suwuklandyrylan gazy, elektrik energiýasyny ibermek boýunça ylalaşyklary gazanmak ugrunda tagallalary birleşdirmek baradaky pikiri beýan etdi. Bu ugurda Gyrgyzystan Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

Şeýle hem harytlar we hyzmatlar bazarlarynyň has netijeli işlemegini, özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagy üpjün etmegiň ýollaryny we usullaryny gözlemegiň zerurdygy bellenildi, munuň özi umumy ykdysady gyzyklanmany emele getirmäge mümkinçilik hem-de goşulyşmak işlerini höweslendirmäge itergi berer.

Söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, gyrgyz tarapy Ministrler Kabinetleriniň Başlyklarynyň degişli meselelere gözegçilik edýän orunbasarlarynyň derejesinde bäştaraplaýyn hökümetara topary döretmek meselesine garamagy teklip etdi.

Gyrgyzystanyň Baştutany şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy gowulandyrmak boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Gyrgyz tarapynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň arasynda ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşy üçin Gyrgyzystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.

Täjigistanyň Baştutany bildirilen mähirli kabul edişlik we häzirki duşuşygyň ýokary derejede  guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, häzir Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň durnukly depgininiň ýola goýlandygyny belledi. Biziň döwletlerimiz köptaraply düzümleriň çäklerinde ýakyn ýa-da gabat gelýän ýörelgeler bilen çykyş edýärler. Şu tapgyrda bu gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça bilelikde zerur tagallalary etmek maksadalaýykdyr.

Prezident Emomali Rahmonyň belleýşi ýaly, Täjigistan sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmak häsiýetli syýasy gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär hem-de söwda, senagat önümçiligi, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk, azyk, ulag we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda jogapkärli hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary boýunça täjik tarapynyň ençeme tekliplerini beýan etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany şeýle hem Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmaga Täjigistanyň gyzyklanýandygyny tassyklap, ýakynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen täjik-türkmen gepleşikleriniň netijeleriniň munuň üçin hemme şertleriň bardygyny görkezendigini belledi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ähli möhüm meseleleri boýunça özara ylalaşyga geldiler. Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem täjik Lideri häzirki şertlerde sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de özara söwdany artdyrmak üçin zerur bolan bilelikdäki çözgütleri kabul etmegi üpjün etmegiň örän wajypdygyny belledi. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde, harytlaryň we hyzmatlaryň umumy sebitleýin bazaryny kemala getirmek möhüm ýagdaý bolup durýar.

Belent mertebeli myhman energetika pudagynda gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, Täjigistanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça türkmen hyzmatdaşlarynyň tagallalarynyň kanagatlanma bilen kabul edilýändigini belledi.

Prezident Emomali Rahmon ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy has işjeň ösdürmek barada pikirini aýdyp, bu ulgamda sebitiň mümkinçiligini doly ulanmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge hem-de olaryň deňiz portlaryna çykmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Koronawirus pandemiýasy döwründe şol sebäpli şertlendirilen birnäçe ýaramaz ýagdaýlary nazarda tutup, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin bolşy ýaly, biziň sebitimiz üçin hem azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw-ýer serişdelerini oýlanyşykly ulanmak arkaly, obasenagat toplumyny hil taýdan ösdürmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky meseleler möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täjik Lideri Türkmenistanyň teklip eden “Ýol kartasynyň” çäklerinde bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrýan sebitleýin düzüm hökmünde Oba hojalygy boýunça ministrler geňeşini döretmegi teklip etdi.

Prezident Emomali Rahmon şeýle hem bilim we ylym ulgamlary, syýahatçylyk pudagy möhüm düzüm bölekleri bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, belent mertebeli myhman saglygy goraýyş ulgamy boýunça gatnaşyklary güýçlendirmek barada pikirlerini aýtdy.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri howpsuzlyga wehim salýan ýagdaýlara garşy hereket etmekden ybaratdyr. Şeýle hem owgan meselesi möhüm mesele bolup durýar.

Täjik Lideri çykyşynda howanyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan hem ekologiýa babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Täjigistan konsultatiw duşuşygyň mazmunly bölegini baýlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldaýar, türkmen tarapynyň başyny başlan çärelerine ýokary baha berýär hem-de işjeň gatnaşýar.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistan Respublikasynyň sebitde giňden hyzmatdaşlyk etmegiň pugta tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtap, döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderlerini hemmeler üçin öňde boljak şanly waka — sebitiň döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  täjik kärdeşine çuňňur mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Goňşy döwletiň Baştutany çykyşynda sammitiň ajaýyp guralandygy hem-de bilelikde üstünlikli işlemäge döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, umumy syýasy erkiň hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, bu gün biziň sebitimiziň hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň giňişligine öwrülýändigini belledi.

Bu ýerde täze syýasy ýagdaýlaryň kemala gelmeginde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ornuna baha bermek kyndyr. Şu görnüşde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar sebitiň uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, döwrüň häzirki ýagdaýlary uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny kemala getirmek üçin aýgytly ädimleri talap edýär.

Şeýle hem onuň gurallaryny sebitiň içerki söwdasyny artdyrmagyň hem-de işjeňleşdirmegiň, senagat kooperasiýasyny, innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ösdürmegiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçileriniň hem-de sebitleriniň arasynda göni işewür gatnaşyklary höweslendirmegiň, maýa goýum we ykdysady forumlary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew sebitleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň umumy ugurlary hakynda ylalaşygy kabul etmek babatda pikirini aýtdy.

Sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy strategik bähbidine laýyk gelýändigi bellenildi. Ýaýbaňlandyrylan we utgaşdyrylan ulag ulgamy Ýewraziýa giňişliginde möhüm üstaşyr halka bolup biler. Şeýle hem arassaçylyk talaplaryny berjaý etmek arkaly doly derejede ulag gatnawlaryny dikeltmegiň wajypdygy nygtaldy.

Özbegistanyň Baştutany şeýle hem milli ykdysadyýetleriň ösmegi we ilatyň artmagy göz öňünde tutulyp, sebitiň energetika howpsuzlygy baradaky meseleleriň has-da möhüm häsiýete eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi bu ugurda tagallalary dowam etmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Mundan başga-da, özbek Lideri sebitiň ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek baradaky başlangyjy goldady, onuň birinji mejlisiniň gün tertibine azyk howpsuzlygyna gözegçilik etmegiň sebitleýin ulgamyny ornaşdyrmak baradaky meseläni girizmegi teklip etdi.

Belent mertebeli myhman çykyşynda, pandemiýa garşy göreşmekde utgaşykly we özara kömek bermek, ýokanç keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek, lukmanlary taýýarlamak, farmakologiýa hem-de örän möhüm derman serişdelerini ösdürmek boýunça kooperasiýa ulgamynda ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda tejribe alşylmagyny giňeltmek meselesini gozgady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ekologiýa babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Aral deňziniň heläkçiliginiň täsirlerini azaltmak boýunça mümkin bolan hemme çäreleri görmek ugrunda pikirini aýtdy.

Özbegistanyň Baştutany biziň sebitimiziň dünýäniň beýleki iri sebitleri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagynyň ähmiýetini nygtap, ýakynda Daşkentde geçirilen Merkezi we Günorta Aziýanyň özara baglanyşygy boýunça halkara maslahatyň işine wekiliýetleriň goldawy we işjeň gatnaşandygy üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderlerine hoşallyk bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýaşlar syýasaty baradaky meselä degip geçip, geljek ýyl Özbegistanda Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi. Munuň özi ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrmak, sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleriniň hem-de ýaş nesilleriň wekilleriniň interaktiw gepleşikleri üçin meýdançany döretmekde möhüm ädim bolar.

Şunuň bilen bir hatarda, belent mertebeli myhman, umumy sebitleýin medeni-ösüş giňişliginiň, şeýle hem halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýän anyk ýagdaýlaryň biri bolup durýan syýahatçylyk ulgamynyň has-da ösdürilmegi babatda pikirini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanda häzirki çäreleri geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Özbegistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki sammit şanly wakanyň —  Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçýändigi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, sebitdäki hyzmatdaşlyga durnukly we mizemez häsiýet bermegiň, munuň üçin bar bolan hemme mümkinçilikleri giňden peýdalanmagyň wajypdygy nygtaldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň yzygiderli ösüşini, gender deňligi babatda ählumumy maksatlara ýetmek boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldady.

Özbek Lideri çykyşynyň ahyrynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň Baştutanynyň örän uly şahsy goşandyny belläp, häzirki konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň sebitiň doganlyk halklarynyň köptaraply hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mazmunly çykyşy üçin, Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, konsultatiw duşuşygy dowam etmek bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana söz berdi.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine hem-de sebitiň döwlet Baştutanlaryna hoşallygyny beýan edip, çykyşynyň başynda Merkezi Aziýa sebitine aýratyn üns berýän BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu duşuşygy goldaýandygyny, bu çäräniň sebit hyzmatdaşlygynyň dolanuwsyz oňyn meýilleriniň subutnamasy bolup durýandygyny belländigini hem-de hemmelere üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary okgunly ösüşiniň 30 ýylynyň dowamynda halklarynyň hem-de öz ýolbaşçylarynyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde döwletliligi pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ägirt uly üstünlikleri gazandylar. Merkezi Aziýa şeýle hem tutuş dünýä oňaýsyz täsirini ýetirýän häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşde halkara bileleşiginiň tagallalaryna uly goşant goşýar.

Soňky ýyllarda barha uly biynjalyklyk döredýän birnäçe täze meýiller ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German BMG-niň Baş sekretarynyň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary beýan edip, gaýragoýulmasyz çözgütleri talap edýän ilkinji derejeli meseleleriň birnäçesini kesgitländigini nygtady. Bu wehimleriň sanawynyň ilkinji hatarynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş çäresi görkezilýär. Şu meselede Merkezi Aziýanyň döwletleri diňe bir birek-birege däl, eýsem, serhetdeş ýurtlara hem iş ýüzünde goldaw berip, umumy tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Ýene bir möhüm mesele 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibine laýyklykda, ykdysadyýetiň durnukly gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlykdyr. Merkezi Aziýanyň ýurtlary eýýäm Aral deňziniň guramagy, buzluklaryň eremegi we beýlekiler ýaly meseleleri çözmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirdiler.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň sebitiň döwletleriniň bu ugurlardaky tagallalaryny doly goldamaga taýýardygyny ynandyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, hanym Natalýa German sebit merkeziniň döwletleriň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän aýgytly ädimlerine kanagatlanma bilen garaýandygyny belledi. Şu gezekki konsultatiw duşuşyk hem bu oňyn meýliň nyşany bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda Daşkent şäherinde geçirilen ozalky konsultatiw duşuşykda kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada kesgitlenilen möhüm ugurlar sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işinde gollanma bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Natalýa German sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde şu günki beýan edilen syýasy erk-islegi gutlady, munuň özi sebit merkezi üçin bilelikdäki işleri dowam etmek boýunça örän möhüm ugur bolup durýar.

Ýokarda agzalan Bilelikdäki Beýannamada beýan edilen sebit ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň çagyryşyna jogap hökmünde sebit merkezi «Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy» atly ýaşlaryň başlangyjyny öňe sürdi. Sebitiň ilatynyň 50 göterimden gowragyny düzýän ýaşlar bu taslamanyň geljegidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany sebitde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça döwlet Baştutanlarynyň öňe süren tekliplerini goldady.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine şu gezekki konsultatiw duşuşyk bilen bir wagtda sebitiň zenanlarynyň dialogyny geçirmek başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyga berilýän ünsüň ähmiýetini ýene bir gezek nygtady. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agza döwletleri sebitiň ýurtlarynyň Owganystanda berk parahatçylyga ýetmek boýunça tagallalaryny aýratyn bellediler. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi şu günki duşuşyga sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de raýdaşlygyň meýillerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda aýgytlaýjy ädim hökmünde garaýar. Bu duşuşygyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň strategik ugurlaryny hem-de bu forumyň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleri doly goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, hanym Natalýa German, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek boýunça öňe sürlen başlangyçlar üçin hoşallygyny aýtdy. Çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Milletler Bileleşiginiň adyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlaryna we halklaryna sebitiň döwletleriniň Garaşsyzlygynyň öňde boljak 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiline, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu gün gyzyklanma bildirilen, netijeli we giňişleýin pikir alyşmalar boldy, köp sanly örän peýdaly hem-de mazmunly teklipler aýdyldy. Olaryň ählisi biziň mundan beýläkki hereketlerimiziň peýdasyna bolup, geljekde anyk işler üçin many-mazmunly bitewi meýdançany kemala getirer.

Şu mejlisiň dowamynda bäş doganlyk döwletleriň we halklaryň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny yzygiderli we gyşarnyksyz pugtalandyrmagyň, biziň jebisligimizi, hoşniýetli goňşuçylygymyzy, taryhy ykballarymyzyň ýakynlygyny we bölünmezligini gorap saklamagyň zerurdygy baradaky pikir eriş-argaç bolup geçdi. Häzirki döwürde şeýle düşünjeler aýratyn gymmatlyga eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Olara eýerilmegi bilelikde uly üstünlikleri we ýeňişleri gazanmaga, kynçylyklary ýeňip geçmäge, birek-biregi goldamaga, dünýä giňişlikler ulgamynda öz ornuňa oňat düşünmäge hem-de ony dogry kesgitlemäge kömek edýär.

Häzirki duşuşyk biziň döwletlerimiziň hem-de olaryň ýolbaşçylarynyň el-ele berip, birek-birek bilen habarlaşyp aýdyň netijeleri gazanmak bilen öňe gitmäge syýasy erkini, ymtylyşyny we aýgytlylygyny ynamly tassyklady. Munuň gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek halklarynyň hakyky bähbitlerine laýyk gelýändigi, olaryň öňde goýlan ähli maksatlara ýetmäge ynamyny berkidýändigi şübhesizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygy tamamlap, ýurtlaryň Liderlerine hem-de wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Soňra “Awaza” Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlara, wekiliýetleriň agzalaryna we dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýüzlenip, şu günki çärä gatnaşandyklary, onuň üstünlikli geçmegini we ýokary netijeli bolmagyny üpjün eden işjeňlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Edil ýaňy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy tamamlandy, onuň barşynda doganlyk ýurtlaryň bäşisiniň ýolbaşçylary ynamly we hoşniýetli ýagdaýda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara ösüşiň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ähli meseleler boýunça özara düşünişmegiň, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge taýýarlygyň ýokary derejesi gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe şu möhüm duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanda duşuşmaga çakylygy kabul edendikleri, döwletara hyzmatdaşlygy berkitmek işine olaryň her biriniň uly goşandy üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün esasy ugurlar boýunça özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly üns berildi, sebitde uzak möhletli durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga we pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy-diplomatik ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki netijeli çäreleri işläp taýýarlamak üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda bäştaraplaýyn yzygiderli gatnaşyklara badalga bermegiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Baştutany biziň ýurtlarymyz Owganystana döwleti berkitmekde, durmuş-ykdysady ulgamyny dikeltmekde, owgan tarapynyň uzak möhletleýin düzüm taslamalaryna gatnaşmagy arkaly häzirki dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çekmekde ýardam etmäge taýýardygyny tassykladylar diýip belledi.

Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, senagat kooperasiýasy, söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar sebitiň ýurtlaryna tebigy gaz, elektrik energiýasyny ibermek, şunuň bilen baglylykda, goşmaça turbageçirijileri hem-de elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hakynda anyk teklipleri beýan etdiler.

Biz ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebiti, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze transkontinental ulag ýollaryny gurmak, şeýle hem ozal bar bolanlaryny işjeňleşdirmek we olary bilelikde has netijeli ulanmak barada ylalaşdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Özara haryt dolanyşygyny we senagat kooperasiýasyny artdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen hil taýdan ösdürmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy we anyk çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  şu günki duşuşygyň ýokary derejede netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen nygtap, onda gazanylan ylalaşyklaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň uzak möhletleýin geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygynda täze, uly tapgyry alamatlandyrýandygyny belledi. Şunda ähli ýolbaşçylaryň, wekiliýet agzalarynyň, şu duşuşygy taýýarlan bilermenleriň hyzmaty uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olara şunuň bilen baglylykda, tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz örän jogapkärli we dabaraly çärä gatnaşmak üçin şu zalda ýygnandyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün döwlet Baştutanlary tarapyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmony Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda biragyzdan çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berdi. Ol bu nyşana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara bileleşikde Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny ilerletmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Bu sylag hak eýesine gowuşdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon uly syýasy we durmuş tejribesine eýe bolmak bilen, köp ýyllar bäri ýurduna ýolbaşçylyk edip, öz döwletiniň okgunly we durnukly ösüşini üpjün etmek, täjik halkynyň ýokary durmuş derejesini, onuň abadançylygyny gazanmak üçin ähli tagallalary edýär.

Şol bir wagtda Emomali Şaripowiç Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň arasynda däbe öwrülen dostlukly, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýar. Halkara syýasy giňişliginde Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan görnükli döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz täjik kärdeşine bu sylag mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, oňa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet we halkara işlerinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň ähli halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy.

Täjigistanyň Baştutany üstünlikli we netijeli bolmagyna ýardam eden konsultatiw duşuşygyň ajaýyp guralandygy üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin hormatly kärdeşlerine çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de bu sylagy, ilkinji nobatda, ähli täjik halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Prezident Emomali Rahmon öz tarapyndan geljekde hem dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň hem-de sebitiň döwletleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini aýtdy.

Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa Germanyň gatnaşmagynda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.

Forum tamamlanandan soň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary “Awaza” Kongresler merkezinden çykdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine we milli tagamlarynyň halkara festiwalyna baryp gördüler hem-de sebitiň döwletleriniň sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine gatnaşdylar.

Şol gün, forumyň maksatnamasy tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar Türkmenistandan ugradylar.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy hem-de onuň çäklerinde guralan çäreler Türkmenistanyň köpugurly sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine öňdengörüjilikli we jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň strategik esasda netijeli doly möçberli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
top-arrow