Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Çap edildi 01.07.2021
3294

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýazky çagyryş çäresiniň netijeleri barada aýdyldy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goşunlaryň ähli kysymlaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmegiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Şunda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Degişli okuw mekdeplerinde işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň arasynda harby gullugyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň hem-de jemgyýetçilik ynsanperwer taýýarlygy köpçülikleýin sport ýaryşlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek harby gözden geçirilişi guramak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew ministrligiň 2021-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýangyna garşy göreşmek işini talabalaýyk alyp barmak hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli Permana gol çekip, M.Çakyýewi başga işe geçmegi sebäpli, içeri işler ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz içeri işler ministri wezipesine Ö.Hojanyýazowy belläp, ony içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň işine häzirki zaman tehniki serişdeleri işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda görülýän çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaramaz endikleriň adamyň bedenine ýetirýän zyýany barada düşündiriş işleriniň geçirilmegini esasy ugurlaryň hatarynda görkezip, ministre anyk tabşyryklary berdi. Ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, hasabat döwründe görlen çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça amala aşyrylan barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem sanly ulgamy ulanmagyň esasynda işi kämilleşdirmegiň barşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunylygy we tertip-düzgüni pugtalandyrmagyň, Garaşsyz döwletde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bu edaranyň möhüm borçlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy barlaglaryň netijeleri boýunça prokuror gözegçiligi babatda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýanwar — iýun aýlarynda amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän jogapkärlidigini belledi. Edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak alnyp barylýan işiň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet önümçiligini guramagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak arkaly gullugyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça 2021-nji ýylyň ýanwar — iýun aýynda amala aşyrylan işler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda durnuklylygy saklamak maksadynda degişli edaralar bilen alnyp barylýan utgaşykly işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna «Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini goramak, häzirki döwrüň dürli howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ugurdaş ýokary okuw mekdebiniň işinde okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmagyň wajypdygyny belläp, «Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler hem-de edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde «Türkmenistanyň Serhet institutynyň meseleleri hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet serhediniň goňşy ýurtlaryň ählisi bilen hemişe dostluk serhedi bolmalydygyny belledi. Mähriban halkymyzy şol ýurtlaryň halklary bilen köpasyrlyk dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Serhet institutynyň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, raýatlaryň arasynda kabul edilýän we hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň maksady barada guralan düşündiriş çäreleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun çykaryjylyk babatda dünýä tejribesini öwrenmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny Türkmenistanyň Kanunlaryna ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, kanunçylygy yzygiderli öwrenmegiň esasynda degişli teklipleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de olary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, gümrük kadalaşdyrylyşy babatda çäreleriň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gullugyň edaralaryna dünýä tejribesinde giňden ulanylýan utgaşykly maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy we anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow edaranyň işiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa hyzmatlaryny hödürlemek işine döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna howpsuzlygy üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagy wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegi, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow kanunçylyga laýyklykda döwlet eýeçiligini netijeli ulanmaga gözegçilik etmek boýunça alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça şanly sene mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň birnäçesi üstünlikli ulanylmaga berildi. Geljekde hem bu ugurda degişli işler geçiriler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmagyň häzirki döwürde döwleti ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, kabul edilen maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň barşyna yzygiderli seljerme bermek babatda degişli görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli desgalary gurmak we ulanmaga bermek boýunça meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, gurluşyk işleriniň ýokary hilini we desgalary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda mundan beýläk hem seljeriş işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan başy başlanan giň gerimli harby özgertmeleri öňe ilerletmek, Milli goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň söweşjeň we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby-syýasy strategiýanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyga we parahatçylyga berk ygrarlydygynyň hem-de ýurdumyzyň özüniň bähbitlerini goramak babatda aýgytly çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna gözegçilik edýän düzümleriniň ählisiniň göz öňünde tutulan işleri takyk ýerine ýetirmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň ynsanperwerlik hem-de parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan Harby doktrinanyň esasynda mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrjakdygyny, harby gullukçylaryň gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmek barada alada etjekdigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý edip, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge, adamyň ömrüni, saglygyny goramaga degişli örän wajyp meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Siziň bilşiňiz ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipeleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Degişli düzümler tarapyndan bu babatda görülýän çäreleriň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda, häzirki döwürde bu ugurda köp sanly kemçiliklere ýol berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirip, ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmek, jenaýatçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, tutuş jemgyýetiň tagallalarynyň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Bu ýagdaýlaryň sebäplerini içgin seljerip, olaryň wagtynda öňüni almak üçin sazlaşykly işleri geçirmek zerurdyr. Biziň esasy maksadymyz yzygiderli ösýän, kämilleşýän asuda jemgyýeti kemala getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hukuk goraýjy edaralar edilen etmiş üçin diňe çäre görýän ýa-da jeza berýän edara bolmaly däldir. Bu düzümler durmuşda ýalňyşan adamlary dogry ýola gönükdirmäge, terbiýelemäge, jemgyýete gaýtaryp getirmäge işjeň gatnaşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralara bu ugurda öň hatarda bolmagy, öz işlerini mundan beýläk has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Adamyň ykbalyna, jemgyýetiň nogsanlyklaryna biparh garalmaly däldir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, jemgyýetimiziň kämilleşmegine ýardam bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi. Ol garalýan mesele boýunça ýurdumyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirip, dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçirilýän öňüni alyş işleriniň talaba laýyk gelmeýändigi bilen bagly birnäçe anyk mysallary getirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkimlikleriň, geňeşlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki guramalaryň ilatyň arasynda degişli terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, tussaglykdan boşan adamlary hasaba almak, olary işe ýerleşdirmek meselelerini çözmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek meselesine ünsi çekip, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň içeri işler edaralary hukuk tertibini üpjün etmek üçin, jemgyýetçilik pikirini içgin öwrenip, kriminalistik barlaglary güýçlendirmäge hem-de bu ugurdaky seljeriş işlerine aýratyn üns bermelidirler. Hormatly Prezidentimiz kanunçylyga laýyklykda, öňüni alyş taýdan täsir etmäge degişli raýatlary ýüze çykaryp, olaryň hasabyny ýöretmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, olar bilen özbaşdak iş alyp barmagy, olaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözüp, gündelik durmuşa işjeň gatnaşmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ýagdaýy kynrak bolan adamlar barada aýdyp, olara hemmetaraplaýyn hemaýat etmegi hem-de hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ýardam bermegi tabşyrdy. Olara zähmet we durmuş taýdan goldaw bermäge gönükdirilen netijeli çäreleri yzygiderli geçirip durmak zerurdyr.

Milli Liderimiz şeýle hem tussaglykdan boşap gelen adamlar bilen degişli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, olaryň jemgyýete goşulyp gitmegi, ýaşaýyş-durmuşyny ýola goýmagy üçin durmuş-ykdysady, terbiýeçilik, hukuk häsiýetli çäreleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Ilkinji nobatda bolsa, olary iş bilen üpjün etmek üçin, häkimlikler bilen bilelikde zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Howply ýol-ulag hadysasynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri has-da güýçlendirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýollarda hereket kadalarynyň, esasan hem, bellenen tizligiň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu edaralar kanunçylygyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýärler.

Döwlet Baştutanymyz Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň, häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ilat arasynda jenaýatçylyga garşy geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak üçin kanunçylygyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi has-da ýokarlandyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, bu ugurda sazlaşykly iş alyp barmak zerurdyr.

Polisiýanyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bu ugurdaky bilelikde alyp barmaly işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmegine berk gözegçilik etmek hem-de bu işleri amala aşyrmaga olara ýakyndan ýardam berip durmak zerurdyr.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz jenaýatçylygyň öňüni almakda kazyýet edaralarynyň üstüne hem uly wezipeleriň düşýändigini belläp, bu düzümiň işini talabalaýyk guramagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa anyk tabşyryklar berildi.

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmäge kazyýet edaralarynyň işjeň gatnaşmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem jenaýat edilmegine şert döredýän sebäpleri düýpli seljerip, degişli taraplara duýdurmagy hem-de bu sebäpleriň öňüni almaga işjeň gatnaşmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlarda hukuk goraýjy edaralara ynamy artdyrmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem raýatlardan gelip gowuşýan arzalary öz wagtynda içgin öwrenip, olaryň kanuny çözgüdini üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy. Milli Liderimiz göçme kazyýet mejlislerini geçirmegi tejribä ornaşdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, ilat arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýygy-ýygydan geçirip durmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz adalat ministri B.Muhamedowa ýüzlenip, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak üçin kanunçylygy kämilleşdirmäge işjeň gatnaşmagy tabşyrdy. Şeýle hem ilatyň hukuk taýdan sowadyny artdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryna we borçlaryna düýpli düşünmegini gazanmak üçin, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak babatda görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysy G.Annaýewe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ygtyýarlygyna degişli işler boýunça hukuk bozulmalaryny duýdurmak we olaryň öňüni almak üçin duýduryş-düşündiriş çärelerini ýygy-ýygydan geçirip durmagy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hukuk tertibine garşy gelýän hereketlere ýol bermezlik üçin, ilatyň, aýratyn-da, bilim edaralary bilen bilelikde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek zerurdyr. Olara hukuklaryny hem-de ene-atanyň, döwletiň we jemgyýetiň öňündäki borçlaryny yzygiderli düşündirip durmak wajypdyr.

Soňra milli Liderimiz içerki migrasiýa meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň ýolbaşçysy B.Öwezowa ýüzlenip, hemişelik ýaşaýan ýerinden başga ýere zähmet işini amala aşyrmak üçin ýa-da beýleki maksatlar bilen gidip, şol ýerde wagtlaýyn bolýan raýatlaryň bellige alynmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Öz ýolbaşçylyk edýän edaralarynda şahsy düzümiň arasynda alnyp barylýan terbiýeçilik, durmuş-hukuk işlerini has-da güýçlendirmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak üçin, harby düzgün-nyzam baradaky ýagdaýy yzygiderli seljerip durmak we onuň berk berjaý edilmegini üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň komitetleriniň ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna üns çekildi.

Bu babatda bilim edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine, Mejlisiň we Halk Maslahatynyň komitetlerine her bir raýatyň öz hukuklaryny, borçlaryny düýpli düşünmegini gazanmak hem-de döwletiň, jemgyýetiň öňündäki borçlaryny düşündirmek üçin terbiýeçilik häsiýetli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda häkimlikler, geňeşler, ýerlerdäki hukuk goraýjy, bilim, saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmeginiň wajypdygyna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu edaralar ýagdaýa doly gözegçilik edip, öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirip durmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz tutuş jemgyýet bolup, jenaýatçylyga garşy sazlaşykly işläp, tutanýerli göreş alyp barsak, onda bu jenaýatçylygy azaldyp, hukuk tertibini has-da berkidip, jemgyýetimiziň asudalygyny pugtalandyryp bileris. Milli häsiýetli, belent ahlakly, watançy, halal ýaşlary terbiýeläp ýetişdirip bileris. Ata Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, kämil jemgyýeti döretmek barada öňde goýan belent wezipelerimize ýetip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz şu kesgitlenen wezipeleri hem-de kanunçylykda bellenen beýleki kadalary birkemsiz ýerine ýetirip, jenaýatçylyga garşy berk göreşmelidiris. Ýurdumyzda hemişe asuda durmuşyň, ruhubelent jemgyýetiň berkarar bolmagyny gazanmalydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu meseleleriň aýratyn gözegçilikde saklanjakdygyny belläp, ýokarda kesgitlenen wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow