Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr
Syýasy habarlar
Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr
Çap edildi 21.06.2021
1830

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýurt maksatnamalaryny işläp düzmekde hem-de bu mesele boýunça sebitleýin işleri alyp barmakda goldamak we kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen gurnalan Utgaşdyryjy serişde boýunça birinji iş duşuşygy açyldy.

Bu gezekki geçirilýän iki günlük duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çagyryldy.

Degişli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan bu taslama ýurdumyzyň Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) bilen bellenilen kadalara we düzgünlere laýyklykda, yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilmek bilen, ÝHG-niň maliýe serişdelerini peýdalanmagyň aýrylmaz şertidir.

Bu taslama Türkmenistana howanyň üýtgemegi babatda, onuň halkara borçnamalaryna laýyklykda, goldaw bermegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem bu gaznanyň kömegi bilen, howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdirmäge elýeterliligi ýokarlandyrmak, dolandyrmak hem-de seljermek ýoly bilen milli ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini goldamak meýilleşdirilýär.

Durnukly ösüş maksatnamasyna ýetmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meselelerini, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşýar.

Ýaşyl howa gaznasyndan hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezinden (MASEM) hyzmatdaşlar duşuşyga gatnaşanlary taslamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdylar. Bu maksatlar gazna bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, gyzyklanma bildirýän taraplaryň kuwwatyny güýçlendirmek hem-de howanyň üýtgemegi boýunça işleri we maliýeleşdirmegi dolandyrmak hem-de utgaşdyrmak üçin esasy gurallary döretmäge gönükdirilendir. Şu maksat bilen, Utgaşdyryjy serişde işläp başlar, Ylalaşyk düzgünleri tassyklanar we Ýurt maksatnamasy işlenip düzüler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow