Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Jemgyýet
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Çap edildi 22.03.2021
6989

Şu gün — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi.

Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.

Munuň özi uly zähmet ýeňişlerine, şanly senelere beslenip gelen ýylda ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň şanyna bildirilen hormatdyr. Şeýlelikde, Akhan bilen Lälegyzyň taýyna Aşgabat ady dakyldy.

Mälim bolşy ýaly, şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişli Akhan 2006-njy ýylda doguldy. Arkadag Prezidentimiziň seýisläp ýetişdiren bu bedewi ýyndamlygy, gözelligi bilen ahalteke bedewleriniň şöhratyna şöhrat goşdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Akhan bedewi bilen ýurdumyzyň birnäçe toý-baýramlaryna gatnaşdy. Aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişli boldy.

Taryhyň dowamynda at çapyşyklary türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk dabaralarynyň, şanly toýlaryň esasy ýaraşygydyr. Toýlaryň bezegi bolan ganatly bedewler bolsa halkymyzyň ýakyn hemrasyna, syrdaşyna öwrüldi.

Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.

2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynda ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyny we Akhanyň gazanýan ýeňişleriniň halkara derejede ykrar edilmegini şertlendirdi.

Baharyň şu ajaýyp wakasy dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Şapolat atly mele bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi.

Türkmen tebigatynyň gözelligi hem-de ajaýyplygy baharyň ilkinji günleri has-da äşgär duýulýar. Muny sungat eseri bilen deňeşdirmek bolar. Gök begrese beslenýän jülgeler, pyntyklaýan agaçlar — bularyň hemmesi amatly ekologiýa gurşawyny döredýär.

Dag etekleriniň ajaýyplygy bahar paslynyň ýakymly howasy bilen utgaşyp, ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kämillik derejesine ýetiripdirler we olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklapdyrlar.

Türkmen bedewleriniň ýüpek ýallary, gelşikli beden gurluşy, ýeňil hereketleri we güýç-kuwwaty yhlasly seýisleriň, halk seçgiçileriniň öz hünärlerini belent derejä ýetirendikleriniň aýdyň netijesidir.

Soňra Şapolat öňatdy hereketine geçdi. Bu gün at seýislemegiň milli ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligi, paýhasy hem-de özboluşlylygy dünýä atşynaslaryny özüne bendi edýär.

Soňra ynsan gylykly ajaýyp Şapolat öňürdikledi.

Bu pursatlarda ýüzýyllyklaryň dowamynda ynsan bilen bedewiň arasynda emele gelen ruhy arabaglanyşygy ýüze çykýar, häzirki wagtda munuň özi türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösüşiniň täze tapgyrynyň binýadynyň döredilýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen atlarynyň taryhynyň we özboluşly gylyk-häsiýetleriniň düýpli öwrenilmelidigini hem-de gadymy seýisçilik ýörelgeleriniň döwrebap ösdürilip, geljek nesillere ýetirilmelidigini aýratyn nygtaýar.

Türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlary seýislemek işini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde meşhur bedewleri kemala getiripdirler hem-de arassa ganlylygyny saklap gelipdirler.

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, çalasynlygy, wepadarlygy, düşbüligi hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda Türkmen alabaýynyň baýramynyň hem bu milli baýram bilen bilelikde geçiriljekdigi şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň ähmiýetiniň ýokarydygyny we oňa ýurdumyzda uly üns berilýändigini alamatlandyrýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan “Aşgabat” atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.

Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda Aşgabadyň taryhyna, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi bilen bagly maglumatlary bir ýere jemledi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalarynyň, şol sanda paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine ýardam etdi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, halkymyzyň binagärlik-şähergurluşyk tejribesine belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabada bagyşlanan eseri döredýän wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere esaslanyp, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa täze işiň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär.

Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, birnäçe daşary döwletleriň senenamasynda möhüm orun eýeleýän Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşdurdy. Bu bolsa göwnejaý derejede fotosuratlar bilen bezelen “Aşgabat” atly täze kitaba bu baradaky maglumatlary girizmek höwesini oýardy.

Döwlet Baştutanymyzyň şatlykly pursatlara ylhamy joşup, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür - merjeni
Ak şäherim Aşgabat
Dost - doganlyk merkezi, 
Ak şäherim Aşgabat!

Köpetdagyň çeşmesi, 
Garagumuň keşdesi, 
Göýä ak gül dessesi, 
Ak şäherim Aşgabat!

Aşgabat illeriň messan - messan, 
Aşgabat gujagyň ýaşyl bossan, 
Aşgabat Watanym Türkmenistan, 
Ak şäherim Aşgabat!

Güýç aldym daglaryňdan, 
Joş aldym baglaryňdan, 
Çaglandym çaglaryňdan, 
Ak şäherim Aşgabat! 

Galkyp ganat gerdigim, 
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyn, 
Ak şäherim Aşgabat!

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler giňden wagyz edilýär. Munuň özi nusgalyk derejä göterilen milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylmagyna giň ýol açýar.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow