Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 19.02.2021
6006

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. 

Meýilnamada ähli toplumlar boýunça tabşyryklar jemlenilip, ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek, pudaklary özgertmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny doly ulanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ähli ugurlarda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde zerur işler geçirilip, şolaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düýpli özgertmeler esasynda milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunda bazar gatnaşyklaryna geçmek we sanlylaşdyrmak, netijeli, häzirkizaman talaplaryna kybap gelýän guramaçylyk hem-de dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň we çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak baradaky meselä geçip, bu işi çaltlandyrmagyň hem-de degişli usullary has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi hususy ulgamyň mümkinçiliklerini önümçilik we hyzmatlar ulgamynda durmuşa geçirmäge ýardam eder. Umuman, bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany yzygiderli amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki binýadynyň berkidilmegi Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT-tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döredýän geljegi barada aýtdy. 

Nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagy we olaryň durmuşa geçirilmegi pudakda döredilýän täze düzümleriň işleriniň esasy ugurlary bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýar etmek işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi. 

Gallaçylar bugdaýa ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. 

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Alymlar we tejribeli hünärmenler oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ýola goýmak boýunça önüm öndürijilere degişli maslahatlary berýärler. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howdanlarynyň ýagdaýyny seljermegiň, ähli derýalary we akabalary barlamagyň, eger zerur bolsa, olarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, ýazky ekişe tehnikalaryň taýýarlygyny ýene-de bir gezek içgin gözden geçirmegi tabşyrdy. Bu möhüm möwsümi gysga möhletlerde geçirmek hem-de bugdaýlara ýokary hilli ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly, daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň çykarylyşyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. 

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli senagat we gurluşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, pudaklaýyn kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň zerurdygyny belledi. 

Sarp edijileriň isleglerini yzygiderli öwrenmek hem-de şonuň esasynda ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmek we möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmek möhümdir. Häzirki zaman marketinginiň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşarky bazarlarda işjeň ilerletmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin häzirki zaman tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň satyn alynýandygyny aýtdy. 

Häzirki wagtda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany gün-günden köpelýär. Sanly tehnologiýalar arkaly müşderilere dürli hyzmatlar, şol sanda töleg hyzmatlary hem-de beýlekiler hödürlenilýär. 

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (billing) ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edilip, ýeňiji kesgilenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir. 

Ýurdumyz ähli ulgamlara, şol sanda telekommunikasiýalar hem-de ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary çekýär. Döwrebap işläp taýýarlamalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň guralyşyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär. 

Milli Liderimiz bu babatda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmak we goramak babatdaky tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we programma üpjünçiligini täzelemek meselesi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine ýerlemäge degişli kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde dokma senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde, diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady. 

Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär, şol önümler daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň dokma kärhanalary tarapyndan satyn alynýandygyny hem-de gaýtadan işlenilýändigini aýdyp, pudaklaýyn desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň hem-de ulanylmaga berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3650 tonna nah ýüplüge barabar bolan dokma toplumy hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumy bar. Bu kärhanalaryň açylmagy bilen täze iş orunlarynyň 2450-si dörediler. 

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek hem-de içerki bazary zerur bolan dokma önümlerinden üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşlerini ýerlemek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çärelere we dabaralara hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli döredijilik çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. 

Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ençemesi meýilleşdirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň, aýratyn hem şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şol dabaralaryň her biri çuň many-mazmuna eýe bolmalydyr, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz medeni diplomatiýanyň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara çärelere gatnaşmagyna üns bermegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Diýarymyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir.

Şol üstünlikleriň hatarynda giň gerimli welosipedli ýöriş çäreleriniň guralmagy, 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilimegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bar. Şu ýyl ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem Türkmenistanyň kuwwatly sport döwleti hökmünde ykrar edilýändiginiň tassyklanmasydyr. 

Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi Türkmenistanyň Olimpiýa taglymatyna ygrarlydygyny görkezýän işlerdir. 

Türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda we dünýäde türkmen welosiped sportunyň abraýyny artdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen ýakyn bäş ýyl üçin welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasy köp ugurly işleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr.

Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň birine öwrüldi, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimizden miras galan “At almankaň, eýer al” diýen parasatly nakyly mysal getirip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, munuň ilatyň giň gatlaklaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.

Welosiped ulagyň iň elýeterli, esasy bolsa ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň BMG-niň durmuş ugurly käbir ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. 

Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydyr. Häzir Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň 11-siniň agzasy bolup durýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň edaralary, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň wekilhanalary ýerleşýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermegi bilen, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda, “Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky durnukly ösüş babatda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek maksady bilen, BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde durmuş-ykdysady ulgam, ulag we kommunikasiýalar, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlarynda degişli işler geçirilip, taslamalar amala aşyrylýar. 

Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça taslama hödürlenildi, ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Taslamany amala aşyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNOPS-yň Ýerine ýetiriji direktory türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-yň wekilhanasyny açmak teklibi bilen ýüz tutdy. 

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek baradaky teklibi hödürledi. 

Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarynda üstünlikli ösýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň strategik häsiýeti aýratyn nygtaldy. Iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyky dostlukly, ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Astrahan welaýatyna ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek barada degişli teklipler taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndürilen harytlary Türkmenbaşy-Astrahan ugry boýunça Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi bilen ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” hem-de giň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly halkara guramalary bilen umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça Milletler bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň—Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklary baradaky meselä geçip, iki ýurduň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen, hoşniýetli erk-isleg, özara ynanyşmak we doganlyk goldawy ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we welaýatlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty—Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolup, bu sebit bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz RF-niň bu sebitine ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek hakynda teklibi makullap hem-de bu wakanyň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň nobatdaky nyşanyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we resminamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. 

Mejlis döwlet Baştutanymyzyň 12-nji fewralda geçiren Hökümetiň giňişleýin mejlisinde deputatlaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işleri alyp barýar. 

Häzirki wagtda birnäçe kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Iki palataly ulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly degişli resminamalar taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar bilen bilelikde degişli işler meýilnama esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň mejlisleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň Mejlisi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklap, olaryň geçirýän çärelerine gatnaşýar. 

Şeýle hem Milli parlamentiň ýolbaşçysy durmuş syýasatyny amala aşyrmak, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak babatda geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň geçirilendigi habar berildi. 

Deputatlar ýerlerde saýlawçylary bilen duşuşyklary yzygiderli geçirip, “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz edýärler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çärelere, maslahatlara gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek baradaky meselä geçmek bilen, türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünlerini berkitmekde olaryň ähmiýetini belledi hem-de bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklygyny we aýdyňlygyny üpjün etmegiň, halkara hukugynyň esasy kadalaryna kybap gelmeginiň möhümdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz köp çagaly eneleri sylaglamak barada aýdyp, bu çäräni tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda, şol wakanyň ähmiýetine kybap derejede guramagyň zerurdygyny nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Çoganly obasynda Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Bu topluma Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Häzir bu ýerde ýokary amatlykly kottej jaýlaryň ýene-de 40-synyň gurluşygy alnyp barylýar. 

Şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda we Ahal welaýatynyň Änew şäherinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek hakynda hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz durmuş düzüminiň desgalarynyň toplumlaýyn gurulmagynyň wajypdygyny belledi hem-de anyk tabşyryklary berdi. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli amala aşyrmak bilen biz degişli ugurda işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan gök-bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şol maksatnamalaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikler döredilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 8 gektar meýdanda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän döwrebap ýyladyşhanany ulanmaga bermäge taýýardygy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Obasenagat pudagyny we azyk senagatyny depginli ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, Diýarymyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi netijesinde, bu ulgamda örän uly üstünlikler gazanyldy. 

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri ýyladyşhana toplumlary guruldy we gurulýar. Şolarda öňdebaryjy tejribä esaslanylýar, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. 

Döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli gurulýan desgalara ünsi çekip, binagärlik taslamalarynyň işlenilip düzülmegine ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň barşyna hem-de hiline gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz döşe dakylýan nyşanlaryň we medalyň hödürlenen görnüşleri bilen tanyşdy we olary makullady. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr, bu bolsa alabaýlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmek boýunça häzirki döwürde görülýän çärelerde mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow