Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn-gepleşikler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn-gepleşikler geçirildi
Çap edildi 22.06.2020
728

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla ben Zaid Al Nahaýýan bilen onlaýn-gepleşikler geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatiýa, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, sebit we halkara derejesindäki meseleleriň esasy ugurlary boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem BMG-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesini bellediler. Koronawirus temasyna degip geçmek bilen, ministrler COVID-19 keseline garşy durmak boýunça utgaşykly iş alyp barmagyň we ylym diplomatiýasynyň gurallaryny işjeň ulanmagyň zerurlygyny nygtadylar. Özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak jähtinden Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işi we onuň nobatdaky mejlisiniň deslapky senesi bellenildi. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow