Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanynyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara geçirildi
Jemgyýet
Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanynyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara geçirildi
Çap edildi 14.09.2019
2197

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mukamlar köşgüniň eýwanynda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli sergi gurnalyp, onda görkezilýän gymmatlyklar hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplaryny hem-de täze çapdan çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabyny, çeper beýan edilen dürli görnüşli surat eserlerini, heýkeltaraşlyk önümlerini, kümüş şaý-sepleri özünde jemleýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, “Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Bu neşiriň sahypalarynda alabaýyň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlar bar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitaby ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm waka, milli gymmatlygymyzy wagyz etmekde täze belentlik hem-de ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününe watandaşlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmen alabaýy” diýen täze goşgusyna döredilen aýdymyň ilkinji gezek ýaňlanmagy hem milli Liderimiziň zehininden kemal tapan sungat eseriniň ynsan ruhuny göterýän gudratdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow