Baş sahypa
\
\
Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy
Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy
Çap edildi 11.09.2019
17373

10-njy sentýabrda Buharestiň Parlament köşgündäki Konstantin Brankuzi galereýasynda türkmen halkynyň žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni ýurdumyzyň Buharestdäki Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara topary bilen bilelikde gurady. Dabara Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal, rumyn parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Buharestde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, dürli ýyllarda ýurdumyzda işlän ilçiler Tasin Jemil we Ion Porožan, medeniýet hem-de ylym işgärleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerniň wekilleri, şeýle hem rumyn paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal gutlag sözi bilen çykyş edip, serginiň dostlukly iki ýurduň arasynda ynsanperwer hyzmataşlygy giňeltmäge saldamly goşant goşmaga niýetlenendigini nygtadylar. Konstantin Brankuzi galereýasyndaky sergi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin düşünje berýär. Fotosuratlar ýurdumyzyň arheologiýa we tebigy ýadygärlikleri, Aşgabadyň gözel ýerleri we ýurdumyzyň häzirki durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Amaly-haşam eserlerinden ýokary çeperçilikli haly önümleri, milli lybaslar we özboluşly el keşdeleri, nepis şaý-sepler hem-de milli saz gurallary görkezilýär. Sergi şeýle hem türkmen nakgaşlarynyň eserleri bilen tanyşdyrýar. Neşirýat önümleri bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görnükli orun tutýar. Dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň datly tagamlary taýýarlanyldy, bu ýere gelenlere türkmen we rumyn halklarynyň iň gowy tagamlary hödür edildi. Sergi 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Soňky habarlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
08.05
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi
08.05
Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
07.05
2024-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.05
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.05
G.S.Mämmedowa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ş.Durdylyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow