Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna ylmy-amaly maslahat geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň hormatyna ylmy-amaly maslahat geçirildi
Çap edildi 17.05.2019
2016

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, jemgyýetçilik guramalary hem-de Bilim ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirip, onuň işine gatnaşmak üçin parlamentiň deputatlaryndan başga-da, partiýa we jemgyýetçilik işgärlerini, alymlary hem-de syýasatşynaslary, zähmetkeşler toparlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny hem-de ýaşlary çagyrdy. «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — ykdysadyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň hukuk esaslary» diýlip atlandyrylan maslahat üç bölüm boýunça geçirildi. Olary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Esasy Kanunymyzda berkidilen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary birleşdirdi. Birinji bölümde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň we berjaý etmegiň hukuk esasyna seredildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça işleriň türkmen halkynyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, yzygiderli we maksadalaýyk geçirilýändigini bellediler. Aýratyn nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, umumadamzat gymmatlyklarynyň milli nusgasynyň mazmunyny şöhlelendirýär. Forumyň ikinji bölüminde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli hukuk ulgamynyň orny hemmetaraplaýyn beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Esasy Kanun ösen ykdysadyýeti hem-de durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamyna eýe bolan, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça netijeli halkara syýasaty geçirýän, dünýewi, demokratik, hukuk döwletini ynamly gurýan Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Döwlet gurluşynyň milli hem-de dünýä tejribesini, däbe öwrülen milli we umumadamzat gymmatlyklaryny öz içine almak bilen, ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty ýöredýän döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerini bir ýere jemledi. Üçünji bölümde edilen çykyşlar we hasabatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlanyldy. Bu ýerde ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleri bilen alyp barýan köpugurly işleri, Türkmenistanyň energetika, ulag we suw diplomatiýasy barada gürrüň edildi. Türkmen döwleti halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzyň bu hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesi hakynda BMG-niň Kararnamalaryny öz Esasy Kanunyna girizen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň baş nyşany bolmak bilen, bu gün tutuş dünýäde tanalýar. BMG-niň ştab-kwartirasynyň baýdak sütüninde buýsançly parlaýan ýaşyl baýdagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat bu baýramçylygyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazananlaryny, döwletimiziň esasy ýörelgelerini — Garaşsyzlygy hem-de hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem-de agzybirligi, demokratiýanyň we kanunyň rüstemligini nobatdaky gezek şöhlelendirdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow