Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 29.06.2015
1167

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan uly möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, netijelilik, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi. Iki döwletiň Baştutanlary dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin strategiki häsiýete hem-de köp ýyllyk tejribä we uly kuwwata eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu babatda sebitleriň derejesindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem türkmen-rus aragatnaşyklarynyň esasyny düzýän gumanitar ulgamda özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Şunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly, däbe öwrülen, ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän käbir sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelmäge, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Telefon söhbetdeşligi Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow