Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 12.01.2015
1395

Şu gün Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda maslahatlar geçirilip, olarda 2014-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we şu gün irden welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda 2015-nji ýyl üçin öňde goýan möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleriniň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem Mejlisiň deputatlary, şäherçeleriň geňeşlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatlarda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça toplumlaýyn işler günsaýyn giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa welaýatlary mundan beýläk-de ösdürmek, olaryň uly we köpugurly kuwwatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy”, dürli ugurlarda — ýangyç-energetika toplumynda, energetika, ulag, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalyk toplumynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýan beýleki giň gerimli maksatnamalar we iri maýa goýum taslamalary hut şoňa gönükdirilendir. Olaryň çäklerinde tutuş ýurdumyzda gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk gurluşyk işleri alnyp barylýar, täze senagat we oba hojalyk merkezleri döredilýär. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty berkeýär, ilatyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen obany özgertmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Welaýatlaryň her birinde täze döwrebap obalaryň, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol desgalar geçen ýyl “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ajaýyp enjamlaşdyrylan medeniýet öýleri, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş we söwda merkezleri, sport desgalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bar. Olar bilen birlikde, ýakyn geljek üçin döwlet Baştutanymyz her welaýatyň öňünde möhüm wezipeleri, şol sanda welaýatlary toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, senagat pudagynyň eksport kuwwatyny berkitmek we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşleriniň möçberlerini artdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşynda hem-de şu gün irden geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda obasenagat toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny kepillendirmäge, bazary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleri bilen doldurmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu günki maslahatlara gatnaşyjylar möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Maldarçylygy çalt ösdürmek, döwlet we hususy hojalyklarda mallaryň baş sanyny artdyrmak, şeýle hem gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberlerini ýokarlandyrmak, orta we güýçli şorlaşan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, melioratiw işleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi. Garalan meseleleriň hatarynda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekişine öz wagtynda taýýarlyk görmek, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ýörite Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, şeýle hem Azyk senagaty döwlet birleşigine, Döwlet maldarçylyk birleşigine, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak hem-de ot-iýmlik ekinleri ekmek üçin ýerleri bölüp bermek bilen bagly meseleler boldy. Maslahatlaryň barşynda ýurdumyzda kabul edilen maýa goýum maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we degişlilikde welaýat häkimlikleri tarapyndan 2015-nji ýylda möhüm senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagyna gözegçilik etmegi hakynda gürrüň edildi. Şunda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, şol sanda ýeňillikli karzlaşdyrmagyň maksatnamalary boýunça gurulmagyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrygy boýunça maslahata gatnaşyjylar korrupsiýa we parahorluga, beýleki kanun bozmalaryna we ýaramaz hadysalara garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Käbir ministrlikleriň we edaralaryň düzümine girýän bölümlerde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet guramalarynda geçirilen seljermeler netijesinde ýüze çykarylan düzgün bozmalar hakynda welaýatlaryň prokurorlary çykyş etdiler. Maslahatlarda döwletde we jemgyýetde kanunçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak maksadynda görülýän çäreleriň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň we prokuratura edaralarynyň aýratyn jogapkärçiligi bellenildi. Kanunyň ileri tutulmagy, ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, düzgün bozmalaryň islendik görnüşleriniň öňüni almak we elbetde, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýurdumyzyň ähli kärhanalary we guramalary, edaralary we birleşikleri, ýolbaşçylary we ýönekeý raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilişine takyk prokuror gözegçiligini amala aşyrmak olaryň ygtyýarlygyna girýär. Maslahatlaryň ahyrynda olara ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur bolan çäreleri görjekdiklerine, türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow