Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri
Jemgyýet
Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri
Çap edildi 26.01.2019
1988

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde guramaçylyk meselelerine hem garaldy, pensiýa çykmagy sebäpli, G.Baýramowa Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipelerinden boşadyldy. Bu wezipelere ozal Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinde işlän G.Ataýewa bellenildi. Mejlislere gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öňdengörüjilikli syýasaty, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda güýçlerini, bilimlerini we tejribelerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow