Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk giň gerime eýe boldy
Jemgyýet
Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk giň gerime eýe boldy
Çap edildi 14.04.2015
1534

16-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri başlandy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, şeýle hem raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda mynasyp dalaşgärler görkezilýär, şunda olaryň birnäçesiniň kandidaturalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Saýlaw kodeksine laýyklykda, mundan beýläk Agrar partiýasy hem öz dalaşgärlerini saýlaw komitetleriniň düzümine, şeýle hem Geňeş agzalygyna görkezip bilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamynyň döredilmegi jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmagyň we geçirilýän düýpli durmuş özgertmeleriniň maksatlaryna laýyk gelýär. Köp partiýalylygy ösdürmek döwlet dolandyryş ulgamynda giň gerimli özgertmeler nukdaýnazaryndan, şeýle hem syýasy gurallary täzelemek, durmuş, raýat edaralarynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuna gaýtadan garamak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň täze döredilen düzümleri üçin okuw maslahatlary geçiriler, olar maslahatlara gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygynda, has takygy, Saýlaw kodeksinde bolup geçen özgerişlikler, öz wezipe borçlary hem-de saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berer. Saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilip, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, bu çäräniň esasy ugurlary beýan edildi. Şonuň bilen birlikde, bu çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik däpleri öz mynasyp dowamyna eýe bolar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirilýän täze taryhy döwrüň özgertmeler syýasatynyň esasynda goýuldy.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow