Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Köpasyrlyk taryhy pursatlarda ýurdumyzyň täze ýyl ýazgysy
Jemgyýet
Köpasyrlyk taryhy pursatlarda ýurdumyzyň täze ýyl ýazgysy
Çap edildi 27.05.2015
2018

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýda bir gezek neşir ediýlän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň täze ylmy açyşlar we türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasynyň barlaglarynyň netijeleri hakyndaky makalalar toplumyny çap edýär. Neşiriň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölümi mazmuny taýdan has-da baý boldy. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň goldaw bermeginde ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek we ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki wakalaryň ähmiýeti ýurdumyzyň geljegini we geçmişini baglanyşdyryp, döwletimiziň taryhy ösüşiniň ugruny kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki zamanyň görnükli syýasatçysy we alymy bolmak bilen, taryhyň pelsepe meselelerine, ýurdumyzyň täze taryhyna aň ýetirilmegine bagyşlanan barlaglaryň türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda we milli aň ýetirişiň ösüşinde has-da ähmiýetlidigini belleýär. Milli Liderimiz alymlaryň ünsüni ýurdumyzyň taryhyna oňyn baha bermäge, türkmen halkynyň taryhy, durmuşy, medeni we ruhy tejribesine ylmy taýdan aň ýetirmäge, onuň Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda ösüşiň möhüm wezipeleri bilen gatnaşygyna çekýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen alymlary dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy barlagçylary bilen bilelikde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň ähmiýetlidigini subut edýän birnäçe ylmy açyşlary ýerine ýetirdiler. “Miras” žurnalynyň sahypalarynda şeýle barlaglaryň netijeleri barada birnäçe gezek makala ýerleşdirildi. Şu ýylyň birinji sanynda bu žurnal daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň bilelikdäki makalalaryny ýerleşdirýär. Germaniýanyň Arheologiýa insitiutynyň Ýewraziýa bölüminiň ylmy işgäri Nikalaus Boroffkanyň, Kurt Engelborn adyndaky Arhiometrik merkeziniň hünärmeni Şteffen Krausyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnogpafiýa institutynyň ylmy işgärleriniň makalalarynda Daşlydepe ýadygärliginde geçirilen arheologik işleriň maglumatlaryna daýanylýar. “Merkezi Aziýanyň neoliti we eneoliti baradaky täze maglumatlar: Daşlydepe” makalasynda alymlap oba hojalygy, ekerançylyk ýerlerini özleşdirmek we maldarçylyk, şeýle hem senetkärçilik barada, şeýle hem soňky neolit we irki eneolit döwründe bu ýerde ýaşan adamlaryň ýaşaýyş we ruhy durmuşy barada habar berilýär. Alymlar Daşlydepäniň neolit döwründen eneolit döwrüne geçilýän pursatda oba hojalygynyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm maglumatlary özünde jemleýän ýadygärlikdigini aýdýarlar we olar bu ýadygärlikde tapylan gymmatlyklaryň Köpetdagyň eteginde ýerleri özleşdirmek, arpa, bugdaý ekmek işleriniň alnyp barlandygyny tassyk edýärler. Ol ýerde birnäçe ekerançylyk işleri neolitde we ondan soňrakky döwürde alnyp barlypdyr. “Daşledepeden tapylan we eneolit döwrüne degişli bolan gamanyň XRF derňewi” atly makalada alymlar Daşlydepe gamasynyň ýasalan materialynyň himiki düzüminiň barlaglarynyň netijeleri barada habar berýärler. Derňewiň häzirki zaman usullary diňe bir senetkärçiligiň ösen derejesine däl, eýsem onuň ýasalan materialynyň çig malyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. “Medeniýetleriň, halklaryň özara gatnaşygy” bölüminde okyjy Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akadmiýasynyň Abu Reýhan Beruny adyndaky Gündogary öwreniş institutyndan, filosofiýa ylymlarynyň doktory R.Bahodirowyň makalasy bilen tanşyp biler. Alym XI-XIII asyrlaryň alymlarynyň eserlerinde ylmy işleri tertipleşdirmek meselesine seredýär we Türkmenistanyň, tutuşlygyna alnanda bolsa Orta Aziýanyň maddy-ruhy medeniýetiniň kemala gelmeginiň hem-de onuň ösüşiniň möhüm ugurlaryna baha berýär. Medeniýetiň irki ojagy bolan we sungatyň, senetkärçiligiň, amaly-haşam sungatynyň beýik nusgalaryny dünýä beren Merwiň taryhy ylmy barlagçylaryň ünsüni özüne çekýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akadmiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň işgäriniň seljuklar döwrüniň zenan şahyry we XI asyryň ahyrynda XII asyryň başlarynda Merwde ýaşan Mähesti Mänejiniň döredijiligine bagyşlanan makalasy beýik seljuk türkmen döwletiniň ösen döwründe uly şöhrata eýe bolan rubagylara bagyşlanypdyr. Öz gezeginde awtor “Merw Horezmşalary Anuşteginiler döwründe” atly makalasynda golýazma çeşmeleriniň we arheologik barlaglaryň maglumatlaryna esaslanyp Soltan Sanjaryň aradan sykmagy bilen düýpli özgertmeler ýüze çykyp, Merwiň öňki şöhratyna we kuwwatyna eýe bolandygyny hem-de onuň Horezmşalar imperiýasynyň iň ösen hem-de möhüm şäherleriniň birine öwrülendigini hem-de onuň dini, medeni we söwda merkezi hökmünde ykrar edilendigini belleýär. “Miras” žurnalynyň birinji sanynyň bezeginde hem Merwiň taryhyna giň orun berlipdir. Onuň birinji sahypasynda seljuklar döwrüniň kuwwatly hökümdarlarynyň biri bolan Soltan Sanjaryň heýkeliniň we onuň “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän we türkmen halkynyň medeni mirasynyň altyn gznasyny emele getirýän aramgähiniň suraty ýerleşdirilipdir. Žurnalyň şu ýylyň birinji çärýeginde döwletimiziň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalaryna berilýän syn onuň jemini jemleýär. Bu bölümde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere, 2015-nji ýylyň biziň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine, şeýle hem gadymy Merwiň mirasdüşeri Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlen derejäniň berilmegine bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediýän “Miras” žurnalynda ýerleşdirilen köp sanly suratlar awtorlaryň makalalaryna özboluşly bezeg berýär we žurnalyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň okyjylary üçin elýeterliligini üpjün edýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow