Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy
Çap edildi 21.12.2018
2416

Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär. Bu bina Watanymyzyň garaşsyzlygynyň gazanylmagyna, özygtyýarlylygynyň berkidilmegine we bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine mynasyp goşant goşan Saparmyrat Nyýazowyň ýagty ýadygärliginiň hatyralanmagy, bir ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Gypjakda degişli muzeýiň açylmagy türkmen halkynyň bu ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Ir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda başlanan ýol häzirki döwürde möçberi boýunça ägirt uly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleri öňde goýmak bilen, olary üstünlikli çözýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwürde baý taryhy tejribä hem-de milli däplere daýanyp, döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda özygtyýarlylygy pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşe, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmäge, ata Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde has-da artdyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Jemgyýetiň we döwletiň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowyň ýadygärligine tarap ugrady we onuň etegine gül dessesini goýdy. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar. Bu çäre halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralamak ýörelgesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, S.A.Nyýazowyň ýagty ýadygärligi hatyralanyp, aýat-töwir okaldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow