Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti IV Ha­zar me­dia­fo­ru­my­na gat­naş­ýar
Jemgyýet
Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti IV Ha­zar me­dia­fo­ru­my­na gat­naş­ýar
Çap edildi 19.09.2018
1823

Şu gün­ler Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň As­t­ra­han ob­las­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de IV Ha­zar me­diafo­ru­my geç­ýär. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we il­kin­ji ge­zek Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­ýar­lar. Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hal­ka­ra, şol san­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş meý­dan­ça­syn­da öz or­nu­ny ber­kid­ýän, umu­my mag­lu­mat gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­ýan ýur­du­myz üçin bu fo­rum döw­let­le­riň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­r, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­k ba­bat­da hü­när gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de ýe­ne bir ädim bo­lup dur­ýar. Me­dia­fo­ru­myň çäk­le­rin­de Ast­ra­ha­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de us­sat­lyk sa­pak­la­ry we ýaş žur­na­list­ler üçin okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Olar­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da mag­lu­mat hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň res­mi däl bir­le­şi­gi bo­lan, se­bit­de mag­lu­mat öza­ra gat­na­şy­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len Ha­zar re­dak­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň iş mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar bu dü­zü­miň ke­ma­la gel­me­gi­niň mö­hüm tap­gyr­la­ry­ny, onuň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň me­ýil­na­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, kär­deş­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek­de top­la­nan tej­ri­bä­ni paý­laş­dy­lar. Du­şu­şyk­da hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tä­ze­çil baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da düýp­li öz­gert­me­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni bar­ha özü­ne çek­ýän iri hal­ka­ra çä­re­le­ri­ň gu­ral­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­da, Ha­zar re­dak­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge, bi­le­lik­dä­ki mag­lu­mat önüm­le­ri­ni dö­ret­mä­ge is­leg bil­dir­di­ler. Iş mas­la­ha­tyn­da goz­ga­lan me­se­le­ler me­dia­fo­ru­myň çäk­le­rin­de Ha­zar re­dak­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de öz ösü­şi­ne eýe bol­dy. Türk­men we­ki­li­ýe­ti bu çä­rä gat­na­şy­jy­lar üçin şu ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da geç­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy­ny ge­çir­di­ler. On­da bu ýe­re ýyg­na­nan­lar da­şa­ry ýurt­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň dün­ýä­de bi­rin­ji­li­gi al­mak ug­run­da­ky ýa­ry­şy be­ýan et­mek üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, bu sport çä­re­si dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň kö­pü­si­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ker, on­da de­giş­li şert­le­ri dö­ret­mek üçin ýur­du­my­zyň “Me­dia Türk­men” ha­bar­lar agent­li­gi dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň baş mag­lu­mat­lar hyz­mat­da­şy bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da onuň saý­tyn­da (orient.tm) no­ýabr­da bol­jak ýa­ryş­lar ba­bat­da iň mö­hüm mag­lu­mat­la­ry tap­mak bol­ýar. Umu­my de­ňiz bi­len bir­le­şen, diý­mek, onuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan me­se­le­ler, özün­de örän uly ta­ry­hy we et­nog­ra­fi­ýa ýag­da­ýy­ny, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň hoş­ni­ýet­li er­ki­niň, onuň ara­bag­la­ny­şyk­ly kow­çum­la­ry­nyň uly güý­jü­ni özün­de jem­le­ýän Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry döw­let­ler üçin mag­lu­mat ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek ug­ry hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä bi­len gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da esas bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa geog­ra­fi­k aý­ra­tyn­ly­gyň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si­niň mö­hüm ugur­la­ry­ny öňün­den kes­git­le­ýär. Şeý­le hem me­dia­fo­ru­myň işi­ne türk­men ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk ed­ýän “Rus­sia To­day” hal­ka­ra te­le­ýaý­ly­my­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ýa­kyn­da RT-niň to­pa­ry “Amul — Ha­zar 2018” eko-ral­li-reý­di­ni be­ýan et­mek üçin no­bat­da­ky ge­zek Türk­me­nis­ta­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ge­çi­ri­len bu aw­to­ral­li bi­ziň ýur­du­myz­da dün­ýä de­re­je­li sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy. Bi­ziň žur­na­list­le­ri­mi­ziň we “Ser­het­siz Ha­zar” hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­niň je­mi bo­ýun­ça ne­şi­riň dür­li ugur­lar­da sy­lag­la­ra my­na­syp bo­lan IV Ha­zar me­dia­fo­ru­my­na bi­ziň we­ki­li­ýe­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gy dün­ýä­niň esa­sy ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de öz tä­ze­lik­le­ri be­ýan ed­ýän wi­deo­şe­kil­le­ri­ni, mag­lu­mat-sel­je­riş ma­ka­la­la­ry­ny we beý­le­ki kon­ten­ti­ni ýer­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na türk­men köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň çyg­ry­ny gi­ňelt­me­giň ýo­lun­da ýe­ne bir ädim bol­dy. Şeý­le hyz­mat­daş­lyk tej­ri­be alyş­mak, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak we bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak, şeý­le hem türk­men ha­bar be­riş ýaý­lym­la­ry­nyň in­ter­net gi­ňiş­lik­le­ri­ni we ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Bu­la­ryň hem­me­si mil­li žur­na­lis­ti­ka­ny has ýo­ka­ry hil­li mag­lu­mat­lar önü­mi­ni dö­ret­mä­ge gö­nük­di­rip, bu ul­gam­da hü­när us­sat­ly­gy­ny we dö­re­di­ji­lik ýag­daý­la­ry­ny hö­wes­len­di­rer.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow