Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­me­nis­tan — ÝHHG: köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk
Jemgyýet
Türk­me­nis­tan — ÝHHG: köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk
Çap edildi 28.08.2018
2057

Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da žur­na­lis­ti­ka ul­ga­myn­da bi­lim ber­me­giň gu­ra­ly­şy­nyň düýp­li esas­la­ry­na ba­gyş­la­nan iki gün­lük okuw mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Okuw mas­la­ha­ty “2016 — 2020-nji ýyl­lar üçin adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da he­re­ket et­me­giň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň” düz­gün­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­me­giň çäk­le­rin­de ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň hem-de beý­le­ki pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hü­när ugur­ly bö­lüm­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar­lar. ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny, il­çi Na­tal­ýa Drozd mag­lu­mat alyş­ma­gyň gi­ňiş­li­gi­ni ös­dür­mek, tä­ze met­bu­gat we elekt­ron ne­şir­le­ri­ni dö­ret­mek, In­ter­net ul­ga­my­na el­ýe­ter­li­gi gi­ňelt­mek, da­şa­ry ýurt­la­ryň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len mag­lu­mat taý­dan gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­myz­da ge­çir­ýän sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly­lyk­da, okuw mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de bu ugur­da tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Gu­ra­ma­sy bi­len köp ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di. Okuw­lar “Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­ga umu­my çe­me­leş­me­ler”, “Pi­ki­ri er­kin be­ýan et­mek we mag­lu­mat­la­ra el­ýe­ter­li­lik”, “Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni HBS-ini do­lan­dyr­mak we öz­baş­dak do­lan­dyr­mak” di­ýen ugur­la­ryň üçü­si­ni bir­leş­dir­di. Bu ug­ra de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­ler — hu­kuk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, Be­la­rus döw­let uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka fa­kul­te­ti­niň do­sen­ti, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we Ýew­ra­zi­ýa­nyň te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio aka­de­mi­ýa­sy ul­ga­myn­da jem­gy­ýet­çi­lik ut­gaş­dy­ry­jy jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­sy Na­tal­ýa Dow­nar we dür­li hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň, şol san­da Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bi­ler­men­lik iş­le­rin­de uly tej­ri­be­si bo­lan Bran­ka Şes­to (Hor­wa­ti­ýa) çy­kyş et­di­ler. Çy­kyş eden­ler adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ul­ga­my­nyň we mil­li me­ýil­na­ma­la­ryň he­re­ket edi­şi ba­bat­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň alyp bar­ýan ugur­la­ry­na de­giş­li iş­le­re de­gip geç­di­ler. Şeý­le hem hä­zir­ki za­ma­nyň ha­bar be­riş ul­ga­myn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň or­ny, öl­çeg­le­ri hem-de ola­ry do­lan­dyr­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri, şol san­da san­ly ha­bar be­riş ul­ga­my­na ge­çi­len­de te­le­wi­de­ni­ýä­niň we ra­dio­nyň, gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň hem-de beý­le­ki­le­riň eýe­le­ýän or­ny ýa­ly me­se­le­ler be­ýan edil­di. Ama­ly okuw­lar mag­lu­mat­la­ry al­mak ba­bat­da döw­let eda­ra­la­ry hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän beý­le­ki ta­rap­lar bi­len gat­na­şyk et­me­giň usu­ly­ýe­ti­ne ba­gyş­lan­dy. Anyk my­sal­la­ryň üs­ti bi­len žur­na­list­le­riň hü­när taý­dan özü­ni alyp bar­şy­nyň ah­lak ýö­rel­ge­le­ri, hu­kuk­la­ry we borç­la­ry açy­lyp gör­ke­zil­di.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow