Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler
Jemgyýet
Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler
Çap edildi 27.08.2018
2620

Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň 153-si – ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleri Saud Arabystany Patyşalygyna gitdiler hem-de mukaddes Käbä sežde etmäge dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelen zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy zyýaratçylar üçin ýörite uçary gurady. Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň, onuň egindeşleriniň aramgähine, şäheriň belli metjitlerine we beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat etdiler. Biziň ildeşlerimiz şeýle hem Mekgä gelip, musulman dünýäsiniň baş mukaddesligi bolan Käbede haj dessuryny berjaý etdiler. Zyýaratçylar haj döwründe sežde edip, Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadançylygyny we milli Liderimiziň jan saglygyny dilediler. Zyýaratçylarymyz uçardan düşüp, mähriban topragymyza gadam goýanlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa goldawy hem-de milletimiziň ruhy we medeni däp-dessurlara aýawly garamagyň subutnamasy bolan haj parzyny berjaý etmäge döreden mümkinçiligi üçin uly şatlyk we tolgunma bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Zyýaratçylar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagty we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler. Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, şol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow