Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri
Jemgyýet
Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri
Çap edildi 12.06.2018
2843

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň höweslendirilmegine, olaryň milli ykdysadyýete goşandynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Hut şu wezipeler Türkmenistanyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girizildi. Ylymlar akademiýasynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi bu hereketiň utgaşdyryjy guramasy bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär. Bu ylym-bilim düzümleri ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylmy bähbitlerini hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, halkara forumlary hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmaga we ýaşlary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge giňden çekmäge gönükdirilendir. Aň-paýhas bäsleşigine ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary okuw mekdepleriň, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, işjeň ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň 1 müňden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan ulgamlarynda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň we önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti bilen baglylykda, zerurlygy nukdaýnazaryndan ýeňijileri kesgitlediler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylym işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda şu gün türkmen paýtagtynda açylan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa babatyndaky ösüş depginini güýçlendirmek ugrunda amala aşyrylýan ylmy-barlaglaryna hem-de döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi bellenilýär. «Geljegimiz bolan ýaşlar giň aň-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerimize öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiziň adyndan ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine hormat diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri milli Liderimize ýaş nesil barada edýän ýadawsyz aladasy hem-de ýurdumyzyň ylmynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýaş alymlar, şeýle hem eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli güýç-gaýratyny, zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym-önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we berkitmäge, ýaş alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň 20-den gowragy işleýär. Olarda köptaraply ýokary hilli bilim almak, talyplaryň ylmy kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maglumatlary alyşmak, dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli şertler döredildi. Uniwersitetiň binasynda guralan ylmy işleriň sergisi ýaş alymlaryň ylym we döredijilik babatda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp beýanyna öwrüldi. Sergi kitap neşirlerini we ylmy işleriň ýygyndylaryny hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, himiýa önümlerini, gurluşyk, derman serişdelerini we beýlekileri öndürmegiň innowasion tehnologiýalary ulgamynda dürli düzümleriň hem-de oýlap tapyşlaryň taslamalaryny we şekillerini birleşdirdi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan taýýarlanylan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndynyň ýedinji goýberilişinde şu ylym bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň netijeleri bilen tanyşmak bolýar. Neşir her ýyl okyjylara zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň, ylmy barlaglarynyň hem-de alyp barýan işleriniň ähli ugurlaryny hödürleýär. Zehinli ýaşlaryň tutanýerliligi hem-de ruhubelentligi eziz Watanymyzyň bütin dünýäde abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ylmyny we bilimini okgunly ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasaty, milletimiziň baý aň-paýhas kuwwatyndan netijeli peýdalanmak babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow