Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Berlinde saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Berlinde saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 06.03.2018
1811

5 - 6-njy martda Berlinde (GFR) saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan gatnaşyklaryň şu görnüşi türkmen we nemes kärdeşleriniň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi. Düzüminde döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, mugallymlar bolan türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasyna maglumatlary alyşmakdan, söhbetdeşliklerden başga-da Berlindäki Marsan trawmatologiýa klinikasyna hem-de Otto Bokk lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy merkezine baryp görmek çäreleri girizildi. Soňky ýyllarda türkmen lukmanlarynyň onlarçasy nemes hassahanalarynda okuw we hünär taýýarlygyny geçdiler. Häzirki wagtda taraplar ýerlerde hut lukmançylyk tejribesinde şeýle akademiki duşuşyklary yzygiderli geçirmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär. Onuň gün tertibi bolsa bu ulgamdaky derwaýys wezipeleri nazara almak arkaly düzülýär. Şeýle duşuşyklarda kabul edilen çözgütler saglygy goraýşyň dürli ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mysal üçin, şundan öňki, VI forum 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi we ýokanç däl keselleriň, hususan-da, diabet, onkogematologiýa hem-de endokrinologiýa keselleriniň öňüni almaga we olara garşy göreşmäge bagyşlandy. Antibiotiklere durnuklylyk hem möhüm meseleleriň biri boldy. 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabara nemes professorlary hem gatnaşdylar. Munuň özi forumyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylýan teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen paýtagtynda üstünlikli we ýokary sport netijeleri bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem germaniýaly professorlaryň 30-dan gowragy işledi. Olar ýerli hünärmenler bilen bilelikde türgenlere ýokary hilli lukmançylyk kömegini berdiler. Olaryň hatarynda mýunhenli professor Dr.Klaus Parhofer hem bar. Ol şu forumyň wekili hem bolup durýar. Professor TDH-nyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde şeýle gürrüň berdi: — Men Türkmenistana ençeme gezek gelip gördüm we hoşniýetli, myhmansöýer halky bolan bu gözel ýurdy tüýs ýürekden söýdüm. Soňky ýyllarda Aşgabat gözümiziň alnynda ajaýyp binagärligi bolan uly şähere, iň döwrebap, ýokary tehnologiýaly merkezleri özünde jemleýän täsin lukmançylyk şäherine öwrüldi. Şol merkezler kähalatlarda özüniň enjamlaşdyrylyşy boýunça meşhur nemes hassahanalaryndan hem öňe geçýär. Ýurduňyzda dünýä derejesindäki jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň kämil ulgamyny döretmäge gatnaşýandygyma buýsanýaryn. 2008-nji ýyldan bäri men türkmen kärdeşlerim bilen hyzmatdaşlyk edýärin. Biz gestasion diabet ulgamynda bilelikdäki barlaglary dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Özi-de, bu iş diňe bir paýtagtda däl, eýsem, sebitlerde hem alnyp barlar. Şu döwürde türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň has ýokarlanandygyny bellemek ýakymlydyr. Häzirki döwürde olar iň täze enjamlara hem-de adamyň saglygy hakyndaky ylym ulgamynda iň soňky gazanylanlara eýedir. Biziň geçiren ýedi forumymyz hyzmatdaşlygymyzyň saglygy goraýşyň möhüm ugurlarynyň we lukmançylygyň ulgamlarynyň köpüsi boýunça netijelidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn goldaýandygy, ýurtda saglygy goraýşyň hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Şol hyzmatlar iň gowy Ýewropa ülňülerine laýyk gelýär. Hut türkmen Lideriniň oýlanyşykly syýasaty netijesinde siziň ýurduňyz daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesiniň esasynda saglygy goraýşyň milli nusgasyny kemala getirmekde şeýle haýran galdyryjy netijelere eýe boldy. Ol dünýäniň köp ýurtlary üçin nusga bolup biler.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow