Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
5-16-njy martda Awazada “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirler
Jemgyýet
5-16-njy martda Awazada “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirler
Çap edildi 01.03.2018
1947

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5-16-njy marty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Ummanlar instituty bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna okuw maslahatyny talaba laýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow