Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
TOPH taslamasynyň täze tapgyryna badalga berilmegine gabatlanyp, altyndan we kümüşden ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy
Jemgyýet
TOPH taslamasynyň täze tapgyryna badalga berilmegine gabatlanyp, altyndan we kümüşden ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy
Çap edildi 23.02.2018
2773

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde içki tegelekde çäge aňňatlarynyň fonunda TOPH taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň kartalary şekillendirilen. Bu kartalarda TÜRKMENISTAN, OWGANYSTAN, PAKISTAN, HINDISTAN diýlip degişlilikde her ýurduň türkmen dilinde öz ady ýazylan. Şol ýerde gaz geçirijiniň her ýurtdaky kesgitlenen nokady we gaz geçirijiniň ugry görkezilen. Bu ugruň ýoly bilen, Beýik Ýüpek ýoluny alamatlandyrýan düýeli kerwen şekillendirilen. Içki tegelegiň ýokarky böleginde, gaz geçirijiniň ýoly bilen çekilmegi meýilleşdirilýän elektrik geçiriji ulgamy ýerleşdirilen. Içki tegelegiň aşaky böleginde uly diametrli turba görnüşinde gaz geçiriji şekillendirilen. Çep tarapda esasy turbanyň şahasyndan çykyp duran alawyň suraty bar. Şeýle hem, gaz geçirijiden ýokarrakda çepden saga gönükdirilen, bir tarapy uçgun görnüşinde Hindistanyň kartasynda gutarýan optiki-süýümli kabel şekillendirilen. Daşky tegelekde aýlaw bilen “TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISI”, aşaky böleginde “AŞGABAT 2018” diýlen ýazgylar ýerleşdirilen. Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilen, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň nominalyny görkezýän “ÝÜZ MANAT” diýlen ýazgy şekillendirilen. Şeýle hem bu ýerde şaýy puluň mähegi we agramy görkezilen. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm bolup, 916,7 mähekli altyndan, 925 mähekli kümüşden ýasaldy. Olaryň agramy degişlilikde 39,94 gr we 28,28 gr deňdir. Olara goşulýan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň sertifikaty şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär. Gymmat bahaly metallardan ýasalan şaýy pullary ýurdumyzda döredilýän numizmatiki toplumynyň üstüni ýetirer hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow