Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar
Jemgyýet
Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar
Çap edildi 23.01.2018
1974

Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli bolan döwürde dalaşgärleri hödürlemek işleri geçiriler. Olar fewral aýynyň 3-nden 27-sine çenli bolan döwürde bellige alnar. Öňde boljak saýlawlaryň aýratyn ähmiýetini belläp, mejlise gatnaşyjylar saýlawlarda syýasy partiýalaryň üçüsiniň, raýatlar toparlarynyň hödürlän dalaşgärleriniň bäsleşjekdiklerini nygtadylar. Munuň özi saýlawlaryň taýýarlyk işlerine kuwwatly itergi berip, saýlawçylara milli parlamente, ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna we öz-özüňi dolandyryş düzümlerine öz mynasyp gören dalaşgärlerini görkezmäge mümkinçilik döreder. Garaşsyzlyk ýyllary üçinde işjeň jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrülen Demokratik partiýadan başga-da, saýlawly edaralara Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary ýaly täze partiýalar dalaşgärlik ederler. Olar özleriniň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar. Mejlisiň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde öňde boljak saýlawlara taýýarlyk we olaryň guramaçylyk işleri boýunça maksatnamasyna laýyklykda alyp barýan işleri hakyndaky habarlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, dürli derejedäki çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirildi. Ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň netijeli boljakdygy bellenildi. Welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin guralan birnäçe okuw maslahatlarynyň jemleri hakyndaky habar diňlenildi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklaryny döretmek we Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilýän gününde daşary ýurtlarda bolýan ildeşlerimiz üçin saýlaw çärelerini guramak mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleleriň biri boldy. Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlary üçin munuň özi aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilim alýan ýaşlaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň barşynda geçirilýän saýlaw möwsüminiň möhümdigi barada degişli wagyz-nesihat işlerini alyp barmalydyrlar we saýlawçylaryň sanawyny düzüp, olaryň ses bermek çäresiniň geçiriljek ýerini kesgitlenmelidirler. Saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň geçirilişine diňe bir jemgyýetçilik guramalary we ýurdumyzyň syýasy partiýalary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň däl, eýsem bu çärä çagyryljak halkara synçylary, köpsanly daşary ýurtlardan, ilkinji nobatda bolsa ÝHHG, GDA we beýlekiler ýaly abraýly guramalardan synçylaryň gatnaşjakdygyny nygtadylar. Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsleşik esasynda geçirilmegini dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalaryny beýan etmek, saýlawçylaryň olar bilen tanyşmaklaryny, ara alyp maslahatlaşmaklaryny we degişli netije çykarmaklaryny üpjün edýän şertleriň döredilmegi ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine türkmen döwletiniň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy, ýurdumyzda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hakyky halk häkimiýeti ýörelgeleriniň tassyk edilmegi babatynda aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow