Baş sahypa
\
\
Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 20.01.2018
18533

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Beýik Ýüpek ýoly” atly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygary ýurdumyzy ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruhy mirasyna we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan konsepsiýasyny şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan “açyk gapylar” syýasaty halkara giňişliginde ýurdumyzyň uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Milli Liderimiziň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, sebitde we dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmäge, dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanýar. Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara taslamalaryny, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri taslamalary amala aşyrýar. Olar Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. XXI asyryň iri energetika taslamalary – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi hem-de gurluşygy dowam edýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar gadymy döwürde Uzak, Orta we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryny Günbatar Ýewropa bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlaryndan geçýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollary, Aşgabatdaky we welaýatlardaky howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüler, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, ýurdumyzda ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän beýleki desgalar halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkalary bolup durýar. Maslahatda Beýik Ýüpek ýolunyň halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrýan hadysa hökmünde wagyz edilmegine aýratyn üns berildi. Bu mowzuk döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan—Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhymyzdan dürli wakalaryň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndaky wakalaryň mysalynda düýpli açylyp görkezilýär. Türkmen halky asyrlarboýy myhmansöýerligiň baý mazmunly däpleri bilen tanalyp geldi. Şol däpler biziň günlerimizde täze mazmuna eýe bolup, syýasatçylyk ulgamyndaky täzelikleri öz içine aldy diýip, ýygnananlar bellediler. Taryhy-medeni özboluşlylyk hem-de baý medeni mirasymyz, şol sanda dünýä belli bolan türkmen halylary we ahalteke bedewleri, gadymy döwrüň ýadygärlikleri we täsin tebigy ekoulgamlar ýurdumyza bu ugurda halkara abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça syýahatlar meşhur ugurlaryň biri bolup, onuň desgalary açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýleri: UNESKO-nyň “Bütindüný medeni mirasy” sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy ýaly ýadygärlikleri öz içine alýar. Änewe, Dehistana, ady rowaýata öwrülen Marguşyň merkezi bolan Goňurdepä, şeýle hem Mäne babanyň binagärlik toplumyna, Abiwerd, Köne Kaka we Amul şäherlerine, Alamberdar kümmetine, Daýahatyn kerwensaraýyna, Şasenem, Diýarbekir, Yzmykşir (Zamahşar) galalaryna we beýleki taryhy ýadygärliklere gezelençler jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Eziz Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binagärlik gözellikleri, ýurdumyzyň şypahana merjeni—Hazaryň ekologiki taýdan arassa kenarynda ýerleşen ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler örän uly täsir döredýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň iri halkara ylmy merkezleriň birine öwrülendigi jedelsiz ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryh ylmynyň meseleleri boýunça halkara ylmy maslahatlary geçirmek däbiniň başyny başlady. Olaryň köpüsi dünýä döwletleriniň onlarçasyny söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dünýä taryhynda täsin hadysa hökmünde öwrenmegiň meselelerini öz içine alýar. Kerwen ýollary boýunça diňe harytlar däl-de, dürli bilimler çarýana ýaýrap, ylym, medeniýet we sungat ulgamlarynda gazanylandaryň, ruhy gymmatlyklaryň, açyşlaryň, hojalygy dolandyrmak tejribesiniň we dürli senetleriň syrlarynyň işjeň özara alyşmasy bolup geçipdir. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaTürkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini we gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň, medeni mirasy öwrenmegiň we wagyz etmegiň döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Bu maksatnama daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, arheologiýanyň, binagärligiň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça işleriň amala aşyrylmagyny, toplumlaýyn dikeldiş işleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň ýaş alymlaryny häzirki zaman dünýä ylmynyň däpleri bilen tanyşdyrmaga, ösüp gelýän nesli milli medeni mirasymyza buýsanmak we hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Ýykynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan makullanan 2018-nji ýyl üçin medeniýet ulgamynyň Iş meýilnamasynda medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu resminamada milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak, muzeý we kitaphana işini, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, şol sanda tele we radiogepleşikleriniň, habarlaryň hilini, mazmunyny we çeperligini artdyrmak boýunça anyk çäreler göz öňünde tutuldy. Adamzat siwilizasiýasynyň täsin hadysasyna öwrülen bu taryhy ýoluň täze mazmuny diňe döwletleriň taryhy-ykdysady gatnaşyklarynda we olaryň ynsanperwer gatnaşyklarynda däl-de, eýsem, sport ulgamynda hem öz beýanyny tapýar. Diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-sinden toparlary, bosgun türgenleri däl-de, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden köp sanly žurnalistleri, tomaşaçylary we syýahatçylary ýygnap, uly üstünlige beslenen “Aşgabat 2017” oýunlary munuň ajaýyp mysaly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Amuldan Hazara çenli aralykda halkara awtomobil ýaryşyny, şeýle hem uzak aralyga ylgamak we beýleki sport ýaryşlaryny guramak pikirini öňe sürdi. Daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar türkmen halkynyň mirasy bilen diňe tanyşmaga däl-de, eýsem, rowaýata öwrülen bu taryhy ýerlere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri, ylmy-tehniki ösüş hem-de Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi bilen gelýän täze durmuşy synlamaga mümkinçilik alarlar. Beýik Ýüpek ýoly gadymy siwilizasiýanyň gazanan üstünlikleriniň biri hasaplanýar. Ol adamzadyň taryhynda ilkinji gezek ägirt uly giňişlikde, Ýewropadan başlap Hytaýa çenli aralykda halklary birleşdirmek, olaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň ýol açdy. Bu arabaglanyşyk Merkezi Aziýanyň, Türkmenistanyň üsti bilen ýola goýuldy.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow