Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady
Jemgyýet
Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady
Çap edildi 19.01.2018
1953

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady. Senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Aýdogdyýewiň habar berşi ýaly, şu ýyl hünär baýramçylyklary mynasybetli haly we dokma önümleriniň ýöriteleşdirilen halkara sergileriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň baýramyny Türkmen halysynyň we dokma swenagatynyň işgärleriniň güni hökmünde bellemek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde dokma senagaty we haly pudaklarynyň işgärleriniň möhüm goşandynyň bardygyny belläp, ýokary hilli dokma hem-de türkmen eksportunda esasy orun eýeleýän nepis el halylaryň önümçiligindäki ýokary netijeleri gazanmak boýunça uly üstünlikleri gazanýan pudagyň işgärleriniň baýramçylygynyň - “Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň gününiň” maý aýynda bellenilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow