Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi
Jemgyýet
Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi
Çap edildi 18.01.2018
1832

Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler. Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça her etrapda we şäherde 20 saýlaw okrugy—jemi 1200 saýlaw okrugy: Ahal welaýatynda-160, Balkan welaýatynda-260, Daşoguz welaýatynda-220, Lebap welaýatynda - 220, Mary welaýatynda-260, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi hem-de olaryň çäkleri kesgitlenildi. Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň ilkinji guramalarynyň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň, ýurdumyzyň raýat toparlarynyň mejlislerinde saýlaw toparlarynyň düzümlerine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenildi. Saýlaw toparlarynyň düzümine öz wekillerini hödürlemek boýunça iş maslahatlary we ýygnaklar guraldy. Şol wekilleriň köp bölegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärmenleridir. Duşuşyklara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, öňde boljak saýlawlar bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda başy başlanan ösüşlere beslenen özgertmeleriň üstünliklidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Degişli saýlaw toparlarynda okrug saýlaw toparlarynyň täze saýlanan agzalaryna tassyklanan nusgadaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mejlisiň deputatlarynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlary oňa gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksindäki üýtgetmeler we goşmaçalar, öz wezipe borçlary hem-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has doly tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guraldy.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow