Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahal welaýatynda bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi
Jemgyýet
Ahal welaýatynda bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi
Çap edildi 17.01.2018
2880

Ak bugdaý etrabynda 10 gektar meýdany bolan bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetelenen ýyladyşhana işe girizildi. Onuň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhanalary gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda guruldy we ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, şol sanda ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň bezegine öwrülýän ösümlikleriň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak boýunça maksatnamany amala aşyrmagyň möhüm bölegine öwrüldi. Şeýle hem bu başlangyç ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda möhüm ähmiýetlidir. Ýyladyşhanany Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça “Dört paslyň berekedi” hususy kärhana gurdy. Öňdebaryjy agrotehnologiýalary ulanmak esasynda gurlan bu desga ýylyň ähli paslynda we dürli howa şertlerinde bezeg ösümliklerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzyň kiçi we orta hususy kärhanalarynyň ýyladyşhana ulgamynda emele gelýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýandygynyň, dünýäniň obasenagat bazarynda bar bolan iň täze tehnologiýalary hasaba alimak bilen, öz işini döwrebaplaşdyrýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki döwürde diňe Aşgabadyň özünde 50-den gowrak seýilgäh toplumlary bolup, olarda ösümlikleriň 120-den gowrak görnüşi ösýär. Täze ýyladyşhana hojalygy paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak üçin zerur bolan bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek wezipesini öz üstüne alýar. Bu ýerde saýaly we miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallary, köpýyllyk we möwsümleýin güller, ýerli hem-de Türkmenistana täze getirilen ösümlikler ösdürilip ýetişdiriler. Ýyladyşhananyň tehniki-ykdysady görkezijilerine laýyklykda, bu ýerde her ýylda ýarym milliondan gowrak ösümlik ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi bar. Ol ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän bezeg agaçlaryna bolan islegleri doly kanagatlandyrar we geljekde uly islegden peýdalanýan ösümlikleri daşary ýurtlara eksport eder. Şeýle hem ýyladyşhananyň çäginde agaç nahallaryny we gülleri oturtmak üçin niýetlenen küýzejikleriň sagatda 120-sini çykarmaga ukyply önümçilik sehi, taýýar önümleri saklamaga niýetlenen ammarlar guruldy. Ýyladyşhananyň ýylyň ählli paslynda işlemäge ukyply bolmagy üçin bu ýerde 100-e golaý täze iş orunlary üpjün ediler. Munuň özi eksporta niýetlenen öňdebaryjy önümçilik desgalaryny gurmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň hasabyna ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow