Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýurdumyzda işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýurdumyzda işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini kabul etdi
Çap edildi 06.03.2015
1279

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Ýasusige Okimotony kabul etdi, ol ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýar. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň alamaty astynda geçýän ýubileý ýyly bilen gutlap, ýurdumyzyň halkyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly maksatlaryna barýan ýolunda abadançylyk we üstünlikler, bagtyýarlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi. Dostlukly ýurduň işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliniň belleýşi ýaly, Ýaponiýa türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli we giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatyny, tutuş dünýäde durnuklylygyň we howpsuzlygyň binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlarda möhüm hyzmatdaş bolup çykyş edýän Ýaponiýa bilen dostluk hem-de uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn görnüşde – iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek babatynda gyzyklanma bildirilýän, pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, özara ynam we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar, halkara durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça , ilkinji nobatda bolsa häzirki döwrüň esasy meseleleri babatynda iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz we myhman işjeň hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge mümkinçilik döredýän özara gyzyklanmalary kanagatlanmak bilen belläp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň, şeýle hem soňky ýyllarda ýygjam häsiýete eýe bolan dürli derejedäki duşuşyklaryň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa boljak saparynyň üstünlige beslenjekdigine ynam bildirildi. Taraplaryň umumy pikirine görä, öňde boljak sapar dürli ulgamlardaky, söwda-ykdysady we ýangyç-energetika toplumlaryny hem öz içine alýan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa etmegiň ygtybarly binýadyny goýar, bu ugurlary ösdürmäge bolsa ýurtlaryň ikisi hem ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz ösen ykdysadyýete we ýokary tehnologiýalara eýe bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we uly geljege eýedigini belläp, ýurdumyzy türkmen ykdysadyýeti üçin örän möhüm taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň we maýa goýumlarynyň hasabyna durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürmäge yzygiderli ýardam berýän ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde jenap Ýasusige Okimotonyň goşandyna ýokary baha berip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekiline bagt we berk jan saglyk arzuw etdi. Ýaponiýanyň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, öz nobatynda baştutanlyk edýän diplomatik wekilhanasynyň işine ýakyndan kömek berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki dostlukly halkyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Men halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny duýýaryn, iki dostlukly halkyň köp umumylygy bar, olar belent ruhy-ahlak ýörelgelerine eýerýär, bu bolsa ýurtlarymyzyň has-da ýakynlygynyň sebäpleriniň biridir diýip, ýapon diplomaty hoşlaşanda aýtdy we tutuş türkmen halkyna abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow