Sendaý, 14-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynyň geçýän ýerinde, Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen döwletiniň Baştutany bu ýurda iş sapary bilen geldi. Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen Liderini mähirli mübärekläp, ählumumy maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde işjeň ornuna we täzeçe çemeleşmegine şaýatlyk edýän çuň mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şunda Ýaponiýanyň hökümetiniň baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, Ýaponiýa Türkmenistany möhüm hyzmatdaş hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň hem Ýaponiýa bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde ösdürmäge ygrarlydygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň baştutany Bütindünýä maslahatynyň gün tertibine degip geçmek bilen, Sendaýda geçirilýän şu gezekki maslahatyň halkara bileleşigini tolgundyrýan möhüm wezipeleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda hem-de 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin bilelikdäki hereketiň täze maksatnamasyny kabul etmekde halkara tagallalaryny birleşdirmekde uly ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi barada pikir alyşdylar we maýa goýumlaryny höweslendirmek, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklarynda köpugurly meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň emele gelendigini bellediler. Bu babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen komitetlerine, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryna uly orun degişlidir, olar hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan innowasion ösüşiň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy ugur edinip, ýokary tehnologiýalar ulgamynda baý tejribä eýe bolan Ýaponiýa bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly gizyklanma bildirýär, ýurdumyz innowasiýa tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagy aýratyn ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny giňeltmäge we dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanýandyklary bellenildi. Muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň 13-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň iri işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşygy hem şaýatlyk edýär. Türkmen Lideri ýokary tehnologiýaly, ylmy ugurly önümçilik ulgamynda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän belli kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň öňünde çykyş edip, hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegini içgin ara alyp maslahatlaşmaga öwrülen duşuşygyň barşynda ýapon hyzmatdaşlary bu gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça öz tekliplerini aýtdylar. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu ýurda 2013-nji ýylda amala aşyran saparynyň barşynda baglaşylan şertnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem şaýatlyk edýär, şol saparyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk baradaky Bilelikdäki Beýannama we beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bilelikdäki Beýannamada taraplaryň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak hem-de adamyň howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklarynyň beýan edilendigi aýratyn bellemeli ýagdaýdyr. Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň Baştutany däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryna, döwletara hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän esasy şerti hökmünde möhüm ornuň degişlidigini bellediler. Häzirki wagtda bu ulgamda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy toplanylan baý tejribä esaslanýar hem-de bilim, ylym we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertlere eýedir. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň özara ynama esaslanýan dostluk hem-de doly möçberli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar.