Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
Aşgabatda Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi
Çap edildi 06.04.2015
1189

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-moldowan toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Ol Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde guraldy. Iki dostlukly ýurtlaryň döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen işewürler maslahatynyň gün tertibine deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň we Moldowanyň däbe öwrülen dostlukly, ynamly gatnaşyklara özara ygrarlydygyny bellemek bilen, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bilelikdäki toparyň şu ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň netijeli usulyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň eýe bolan kuwwatyny hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimler ara alyp maslahatlaşyldy. Wekiliýetleriň agzalary türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, dostlukly gatnaşyklaryň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine köp babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň tomsunda Kişinýewe bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýardam edendigi barada bir pikire geldiler. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň we Moldowanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, toparyň alyp barýan işiniň ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk pudaklarynda, dokma senagatynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Taraplar medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de sport we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş etdiler. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, eksport-import amallaryny artdyrmak hem-de iberilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň möhümdigi bellenildi. Umumy pikire görä, bilelikdäki sergi-söwda çäreleriniň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary, şeýle hem geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hakynda maglumatlaryň yzygiderli alşylmagy muňa gös-göni ýardam eder. Mejlise gatnaşyjylar dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda işewürler maslahatlaryny we syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Nikolae Timoftiniň Aşgabatda geçiriljek duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň taryhyň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy bilen birleşen iki ýurduň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň täze tapgyry üçin başlangyç boljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow