Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Kermanşah welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer ýüki Eýrana ugradyldy
Jemgyýet
Kermanşah welaýatynda bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer ýüki Eýrana ugradyldy
Çap edildi 18.11.2017
1751

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan muzdsuz berlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer ýörelgelerine esaslanylandygy hem-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alnandygy bellenilýär. Goňşy Eýranyň günbatar sebitinde bolan ýertitreme köpsanly heläkçilige, weýrançylyga getirdi. Türkmenistan milletiň ruhy ýörelgeleriniň esasyny düzýän ynsanperwerlik we hoşniýetlilik däplerine eýermek bilen, tebigy betbagtçylyk hakyndaky ajy habara dessine seslendi we ilkinjileriň hatarynda goňşy eýran halky üçin kyn pursatda zerur bolan kömegi ugratdy. Biziň ýurtlarymyzy gadymy dostluk we birek-birege goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmen we eýran halklarynyň gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ol häzirki döwürde iki halkyň birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Derman serişdelerinden ybarat bu gymmatly ýüki gowşurmak çäresi Maşat şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň farmasewtika ammarynda geçirildi. Bu uniwersitetiň azyk iýmiti we derman serişdeleri boýunça prorektory doktor Saberi çärede Eýran tarapyna ýolbaşçylyk etdi. Dabara şeýle hem Horasan Razawi welaýatynyň adatdan daşary amallarynyň direktory Ahmad Sahebnasag hem-de Maşat şäheriniň lukmançylyk uniwersitetiniň dermanhana edarasynyň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Olar Eýranyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna şeýle agyr pursatda goňşy eýran halkyna beren goldawy we kömegi üçin hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de ýurdumyzyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň adyna ynsanperwer ýüküni ýetirmekde ýardam berendigi üçin aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy. Çärä Eýranyň esasy köpçülikleýin habar beriş senişdeleriniň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň telewideniýesiniň žurnalistleri we operatorlary gatnaşdylar.

Soňky habarlar
06.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.01
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
06.01
Paýtagtymyzda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
06.01
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
05.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
05.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy
04.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
04.01
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
04.01
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
03.01
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow