Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
05.10 2017
Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.
05.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowy ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe düzümleri bilen işlemek meseleleri boýunça wise-premýeriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.
04.10 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
03.10 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
03.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çili Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Manuel Silwa Widaurreden ynanç hatyny kabul etdi.
03.10 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Las-Wegas şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.10 2017
Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi.
02.10 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
02.10 2017
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek.
02.10 2017
Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
833 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY