19.06
2020
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
19.06
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça nobatdaky brifing geçirildi.
19.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
18.06
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady.
18.06
2020
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi.
17.06
2020
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
16.06
2020
Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.
15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.