Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ähli doganlyk özbek halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly adatdan daşary ýagdaý zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.