Şu gün Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi.
Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün Duşenbe şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi.
Şu gün Duşenbe şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy.
Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny 9-njy maý — Ikinji jahan urşunda faşizme garşy gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram günlerinde ýowuz uruşda gaýduwsyzlygy hem-de Watana bolan çäksiz söýgini görkezen hormatly weteranlarymyzy hatyralaýarys we olaryň edermenliginiň öňünde hemişe baş egýäris.
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.